Göwün küýsegi

Üstünlige barýan ýol özüňden başlanýar

30-07-2021 / 12

Üstünlik — her bir adamyň öňünde goýan maksatlarynda jemlenen islegdir arzuwlardan, syrly duýgulardan ýüküni tutan altyn sandyk. Durmuşda ähli zat ilkinji ädimden başlanýar. (Goý, ol uly bolsun, kiçi bolsun). Şeýle kiçijik başlangyç bolsa täze üstünliklere ýol açýar hem-de durmuşymyzyň düýpgöter özgermegine sebäp bolýar. Esasy zat hiç haçan öz öňümizde goýan maksatlarymyzdan hem-de arzuwlarymyzdan el çekmezlikdir. Sebäbi üstünligiň açary ýedi gezek ýykylyp sekizinji gezek ýeriňden galmakdadyr.

Ata-babalarymyz «Ýatyp galandan atyp gal» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Şonuň üçin hiç haçan synanyşmakdan çekinmeli däl. Biziň iň uly ýalňyşlygymyz — haçanda biz kynçylyklara sezewar bolanymyzda öňümizde goýan maksatlarymyzdan aňsatlyk bilen el çekmegimizdir. Nähili kynçylyklardyr şowsuzlyklara gabat gelseňiz hem bir zady unutmaň: uçar hem şemalyň ugruna däl-de, onuň garşysyna uçýandyr. Hemişe başaryp bilmerin diýen zadyňyzy başarmaga çalşyň. Üstünlige barýan ýol kynçylyklardan we şowsuzlyklardan başlanýar. Şowsuzlyklar käbir adamlaryň umytlarynyň puja çykmagyna getirýär, käbir adamlaryň bolsa ýeňiş gazanmaklarynyň sebäbi bolýar. Bu barada ussat şahyr Gurbanazar Ezizow hem öz goşgy setirlerinde «Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde» diýip belläp geçipdir.

Üstünlige ýetmek, beýik adam bolmak üçin oňa ýeten adamlaryň pikirlenişi ýaly pikirlenmeli. Pikirleriňi üýtget, şonda sen özüňi hem üýtgetmegi başararsyň!

Geliň, nähili agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup, umytdan düşmän üstünlige ýeten adamlaryň durmuşlaryna ser salalyň:

    1. Lýudwig Wan Bethowen. Dünýä saz äleminiň düýbüni tutujylaryň ilkinjisi hasaplanýan Bethoweniň 26 ýaşynda gulagynyň eşitmesi peselip ugraýar. Ýöne bu ýagdaý hem ussat kompozitory saz äleminden daşlaşdyryp bilmändir. Haçanda onuň eşidiş ukyby düýbünden ýitende bolsa, häzirki döwrüň sazlarynyň naýbaşylary hasaplanýan ençeme eserlerini döredipdir. Saza bolan söýgüsi Lýudwig Wan Bethowene sazy içinden duýmaklygy öwredipdir. Bu barada kompozitor: «Adamyň bir zady etmäge söýgüsi hem-de islegi bar bolsa, oňa hiç hili kynçylyk täsir edip bilmeýär» diýip belläp geçipdir.
    2. Stiwen Hoking. Talyplyk ýyllarynda Stiwen agyr kesele duçar bolýar. Köp ýyllaryň dowamynda bolsa bu kesel zerarly onuň bedeni hereketsiz ýagdaýa gelýär. Kän wagt geçmänkä ol gürleýiş ukybyny hem ýitirýär. Häzir bolsa bu beýik adamyň ady dünýä belli fizikleriň hatarynda altyn harplar bilen sünnälenip ýazylan. Alym özündäki beden näsazlyklaryna garamazdan uly üstünliklere ýetendigine berk ynanýar. Ol bu hakda şeýle diýýär: «Ozal durmuş maňa örän içgysgynç görünýärdi. Emma häzir welin men özümi örän bagtly saýýaryn. Hekimleriň az wagtlyk ömrümiň galandygyny aýtmaklary maňa bu durmuşda ýaşanyňa degýändigini öwretdi. Durmuşda şeýle bir kän zat edip bolýan ekeni, şeýle bir kän zat…».
    3. Helen Adams Keller. 1,5 ýyllyk agyr keselden soň Helen görüş hem-de eşidiş ukybyny ýitirýär. Ýöne onuň bu ýagdaýy Heleniň öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin birjik-de päsgelçilik döredip bilmeýär. Ol özüniň ýazyjy bolmak arzuwyny durmuşa geçirýär. Ýazyjynyň adyndan köp sanly kitaplar, 400-e golaý makala çapdan çykýar. Helen Kelleri edebiýata bolan söýgüsi üstünlige ýetiripdir. Ol elmydama: «Haçanda bagtyň bir gapysy ýapylsa, beýlekisi açylýar. Ýöne biz şol ýapylan gapa seredip, özümizi hakyky bagta alyp gitjek şol açylan gapa üns hem bermeýäris» diýip, nähili şowsuzlyklara duçar bolsa-da, umydyny ýitirmän bagta ýetendigini aýdýar.
    4. Aman Annadurdyýew. Türkmen şygryýetiniň parlak ýyldyzy Aman Annadurdyýew çagalyk ýyllarynda heläkçilige sezewar bolýar. Bu heläkçilik zerarly şahyryň bedeni hereket etmesini bes edýär. Ol ömrüniň 37 ýylyny düşekde geçirýär. Geljege bolan ynamyny ýitirmän, öz öňünde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmegi ýüregine düwen şahyr goşgy ýazmakdan el üzmeýär. Ençeme goşgulary aýdyma öwrülen ussat şahyryň galamyndan çykan «Ynjalyksyz ýürek» atly kitaby şahyryň ynjalyksyz ýüreginiň rahatlyk tapmagyna kömek eden eserleriniň biri bolup, ol bu kitapda özüniň durmuşyny, başdan geçirenlerini goşgularynyň üsti bilen beýan edipdir. Ruhubelent şahyryň: «Adamlaryň arasynda aýlanyp ýörmegiň-de, meýdana çykmagyň-da geregi ýok. Olaryň özleri meniň üstüme özi gelýär-ä…» diýmegi onuň ruhunyň näderejede belentdigini görkezýär.

 

Merjen ÝAZLYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu