Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda işgärleriň has önjeýli we netijeli zähmet çekmekleri üçin dürli ýeňillikler döredilýär, täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda alymlar adamlaryň has az işlänlerinde önjeýli boljakdygyny öňe sürýärler. Bu taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirip gören birnäçe ýurtlarda oňyn netije alyndy. Golaýda bolsa Islandiýada bu ugurdaky iň uly tejribe geçirildi. Oňa 2500-den gowrak adam gatnaşdy. Işgärleriň zähmet haky azaldylmazdan, iş wagty gysgaldyldy. Netijede, ýerine ýetirilen işiň azalmandygy ýüze çykaryldy. Tejribä gatnaşanlaryň hepdelik iş wagty 35-36 sagada çenli gysgaldyldy.
«Independent» neşiriniň habaryna görä, Angliýanyň «Autonomy» şereketi bilen Islandiýanyň «Alda» jemgyýetiniň geçiren seljermesinde tejribä gatnaşan işgärleriň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanandygy anyklanypdyr.
Merjen ÝAZLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.