Aglamak diýileninde aklyňyza gynandyryjy zatlar gelip biler, ýöne aglamak hem durmuşymyzyň bir bölegidir. Bu hekaýanyň dowamynda professor Langdonyň näme üçin aglaýandygyny bileniňizde, düşündirip bolmajak duýgulary başdan geçirersiňiz:
Irden sagat 06:00, telefonym jyňňyrdady. Jim (öňki okadan okuwçym) jaň edýär:
+ Muny hökman görmeli bolarsyňyz, professor!
– Jim, meniň ýaşym 79 we köp zady görendigime ynanýaryn...
+ Ýok jenap Langdon... Muny görmeseňiz bolmaýar! -diýdi.
Okuwçymyň bu tutanýerliligine çydap bilmän, öýden çykdym we Jimiň Melburndaky hassahanasyna gitdim. Sagat 08:00-däki hassasyny hökman görmelidigimi aýtdy. Tejribämden köp zada garaşmadym. Sagat 8:00-da bir adam gujagynda 2,5 ýaşly saryýagyz oglanjyk bilen geldi…
“Tibial gemeliýa”; başgaça aýdylanda, iki aýagam dogabitdi bilden aşagy ýok.
Ady Ted.
Ted meniň ýüzüme seretdi we ýylgyrdy. Ýaradan ýer ýüzünde täze derýa ýaradan ýaly tolgunma meni gurşap aldy..
Jim protez aýak üçin ululygyny we modelini kesgitledi, ýöne maşgalanyň ýagdaýy gaty pes bolany üçin bu puly tölemäge güýji ýokdy.
Gaty gynandyk… 2,5 ýaşly oglanjyk, iň süýji ädimlerini ätmeli wagty, entek ýöremegiň nämedigini bilenok…
Awtoulagymy satdym. Jim-e aýdanymda, kän zat diýmedi, kiçijik Ted ýaly ýylgyrdy. Her niçigem bolsa aýalym ýok, çagam ýok… Näme bolýanyny bilemokdym, ýöne içimde bir tolgunma bardy…
Protezler ýasaldy we Ted’iň aýagyna dakyldy.
Ted üçin diňe ýöremek galdy… We Ted ýöremäge başlady. Ol meniň ýanyma geldi, ýüzüme seretdi, ýylgyrdy we maňa “KAKA” diýip ýüzlendi.
Kakasy we ejesi aglaýardylar… Jim hem…
Diňe Ted we men aglamadyk…
Ýetimler öýünde ulalanyňyzda aglamagy ýatdan çykarmaly bolarsyňyz…
Aglamak üçin 79 ýyl garaşdym… We soňunda menem agladym…
Bir zada düşündim:
“Adamdygyňa düşünmek üçin biriniň gülmegine sebäp bolmaly eken”…
ajaýyp