Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň jemi jemlener

18-07-2021 / 13

Golaýlaşyp gelýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň konserti geçiriler. Bu barada ýurdumyzyň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa Hormatly Prezidentimize hasabat berdi.  

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary geçiriler. Şeýle-de bu baýramçylyk mynasybetli döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, wagyz-nesihat çärelerini, onlaýn maslahatlary, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görmek boýunça anyk görkezmeleri berip, wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu