Göwün küýsegi

Täleýnama: Adamlaryň sen barada bilmeýän zatlary

18-07-2021 / 24

Hamal (Guzy 21.03-20.04)

Hamallaryň esasy aýratylyklary olaryň dostlukly bolmaklarydyr. Olar öz söýgüsini bagryna basmak arkaly geçirýärler. Olar öz ýüregindäki bar söýgüsini şol kişa siňdirýärler we bu şübhesiz hakykat bolup durýar.

Sowur ( Öküzçe 21.04-20.05)

Sowurlaryň esasy aýratynlyklarynyň biri olaryň pähim-paýhasly bolmagydyr. Olar daşyndan sada görünselerde baýguş kimin syn edýärler. Bu ýyldyzda doglanlar örän asuda hem pikire batyjy bolýarlar.

Jöwza ( Ekizler 21.05-21.06)

Jöwzalaryň esasy ukyby olaryň çyn ýürekden söýüp bilmegidir. Eger olar birini gowy görseler olar ony ruhynyň her bir bölegi bilen gowy görýärler. Olary sylaýarlar we olar hakynda alada edýärler. Jöwzalaryň durmuşynyň bölegi bolan her bir  adam özüni aýratyn hasaplaýar.

Seretan ( Leňňeç 22.06-22.07)

Seretanlaryň wajyp tarapy olaryň gaýduwsyzlygydyr. Olara edilen dönikliklere garamazdan olar öz duýgularynyň yzydan gitmek üçin ýeterlik derejede batyrdyrlar.

Eset ( Ýolbars 23.07-23.08)

Esetler hakykatçyldyrlar. Olar adamlara öwgi sözlerini aýdyp ýaranjaňlyk etmeýärler. Olar üns merkezinde bolmakdan has-da ýokary zatlara mynasypdyrlar.

nbüle ( Gyz 24.08-23.09)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar özüniň mähirliligi bilen tapawutlaýar. Biz olara ýyldyzlaryň arasynda iň mähirliler diýsek hem ýalňyşmarys. Sünbüleler tankyt edip bilmegine garamazdan, has köp diňlemegi makul bilýärler.

Mizan ( Terezi 24.09-23.10)

Mizanlar beýleki ýyldyzlara garanyňda has kaşaňdyrlar. Olar öz hereketlerini görmegeý hem owadan ýerine ýetirýärler. Olaryň duýgurlyk derejesi esasynda olar dürli ýagdaýlarda nähili alyp barmalydygyny bilýärler. Olar öz ýylgyryşyny daş-töwerege paýlaýarlar.

Akrap ( Içýan 24.10-22.11)

Emosional akraplar dürli duýgyny başdan geçirýärler. Olar öz söýgüsini, aladalylygyny daş-töwerege bildirmeýärler. Onuň içki düýäsindäki bolup geçýän duýgulary onuň durmuşynyň iň wajyp adamy biler.

Kowus (Keman 23.11-21.12)

Kowuslaryň näme gowy görýändikleri iň bir çylşyrymly zatlaryň biridir. Olaryň durmuşy erkin hem-de garaşsyz bolmakdan ybarat bolup durýar. Maşgala kowuslara iň wajypdyr. Egerde kimdir biri kowuslaryň ýüregine giren bolsa olar şol ýerde baky galýarlar.

Jedi ( Owlak 22.12-20.01)

Bu ýyldyzda doglanlar özüniň rehimliligi bilen tapawutlanýarlar. Hakykaty aýtsak olar hemme zady gowy etmek isleýärler. Hatda olar adamlar bilen gürleşende hem has rehimli, açyk hem mylakatly bolýarlar.

Daluw ( Gowa 21.01-20.02)

Daluwlar suratçydyrlar. Ýöne beýle diýildigi olaryň surat çekýändiklerini aňlatmaýar. Olaryň aň-düşünjeleriniň özi bir sungatyň bölegi bolup durýar. Daluwlaryň dünýäni tutyşlygyna ýa-da bölekleýin görýändigine garamazdan, olar eden işlerini döredijilikli edýärler.

Hut ( Balyk 21.02-20.03)

Hutlaryň esasy aýratynlygy olaryň dogruçyllygydyr. Olar öz ýakynlaryna hakykatyň nähilidigine garamazdan göni aýtmagy makul bilýärler. Käwagtlar adamlar olaryň jogaplaryny hakykat dälde olary köşeşdirmek üçin aýdylan sözdür diýip pikir edýärler.

Taýýarlan: Merjen BAÝRAMGYLYJOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

Ünsüňizi çekip biler

2 Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu