http://www.google.com Türkmenistanda we beýleki birnäçe Aziýa ýurtlarynda häzirkizaman “Android” smartfonlarynda ýer titremesi barada irki duýduryş ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi.
Funksiýa awtomatiki işlär we gadjet eýelerine ilkinji gowşak badalga barada habar berer. Ýer titremesi baradaky maglumatlar häzirkizaman telefonlarynyň hemmesinde diýen ýaly gurnalan we kosmosdaky ornuny kesgitleýän akselerometrler arkaly internet arkaly ýygnalar. Şeýlelik bilen, ýurtdaky ulanyjylaryň smartfonlary ýer titremelerini ir ýüze çykarmak üçin bir uly ulgam döreder. Google alnan maglumatlary çalt derňäp we güýçli ýer titremeleri başlamazdan birnäçe sekunt öň smartfonyň eýelerine habar berer. Bu döwürde ulanyjylar birnäçe çäräni görüp bilerler, mysal üçin – stoluň aşagynda gizlenip, howpsuz ýagdaýda durup bilerler. Gadjetleriň ekranynda degişli görkezmeler peýda bolar.
Taýýarlan: Serdarguly HAJYMOW,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň müdiri.