Dünýä “delta” ştammy sebäpli koronawirus ýokanjynyň üçünji tolkunynyň öňüsyrasynda dur. Bu barada BSG-nyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus resmi taýdan beýan etdi . Gebreýsus öz çykyşynda soňky hasaba alyşlaryň netijesinde koronowirus keseli bilen hasba alynanlaryň sany on hepdäniň dowamynda ösendigini belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, Hindistanyň “delta” ählumumy sanjymyň hasabyna dünýäde kadalaşyp başlan ýagdaýy ýene-de ýaramazlaşdyrdy.
“Ýokanjyň “delta” görnüşi häzirki howply ýagdaýyň esasy günäkäri bolup durýar, onuň çalt ýaýramagyna bolsa, jemgyýetçilik saglygy goraýşy ulgamynda çäreleriň ýeterlik durmuşa geçirilmeýändigi şert döredýär” diýip, baş direktor sözüniň üstüni ýetirdi.