Bir adam işden ýadap öýüne gelende, bäş ýaşlyja oglunyň gapynyň agzynda özüne garaşyp duranyny gördi. Çaga kakasyndan her sagatda näçeräk gazanýandygyny sorady. Kakasy argyn göwresini diwana goýberdi-de:
– Şol zatlar seniň işiň däl-ä, oglum – diýip jogap berdi. Emma çagajyk ýeň bermän:
– Kaka jan, bilesim gelýär-dä – diýdi.
– Beýle bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn: her sagatda ýigrimi dollar gazanýan.
Oglanjyk biraz oýurganyp durandan soň:
– Kaka jan. Onda maňa on dollar karz beräý-dä – diýip, ýadaw kakasyndan pul sorady.
Muňa kakasynyň hasam gahary gelip:
– Bolar-bolgusyz oýunlaryňa berer ýaly, mende üýşüp ýatan pul ýok! Hany derrew otagyňa git, gapynam ýap! — diýdi.
Ogly sesini çykarman otagyna gidip gapysyny ýapandan soňam kakasynyň hüňňürdisi ýatmady:
– Şu zamanaň çagalaryna düşüner ýaly däl. Çaga nädip onça puly soramaga het edip bilýärkä?!
Bir sagat töweregi wagt geçenden soň kakasy az-kem köşeşipdi. Puluň näme üçin gerekdiginem soramandygy hakda oýlandy. Oglunyň otagyna baryp, krowatynda uzanyp ýatan oglundan uklap-uklamandygyny sorady. Ogly:
– Uklamadym – diýdi. Kakasy oglundan ötünç sorady:
– Saňa gatyrak käýäýdim öýdýän oglum. Meni bagyşla! Bu gün biraz agyrrak işledim, ýadapdyryn – diýip, elindäki puly uzatdy. – Al oglum, on dollaryňy!
Muny eşiden oglanjyk tarsa ýerinden turdy-da, kakasyna sagbolsun aýtdy:
– Sag bol, kaka jan!
Şondan soň ol ýassygynyň astyndan eplem-eplem ownuk pullaryny çykardy. Elindäkisini hem üstüne goşup, pullaryny sanamaga durdy. Oglunyň bu hereketini gören kakasy ýene-de gaharlanjak boldy:
– Puluň barka, näme üçin ýene pul soraýaň?! Seniň biderek oýunlaryňa berere pulum ýok diýip ýaňy aýtdym-a saňa!
Çaga kakasynyň käýemesine üns bermedi. Ol:
– Ýöne meniň pulum ýeterlik däldi-dä! Indi jemläp bildim – diýdi-de, elindäki pullaryny kakasyna uzatdy:
– Kaka, ine saňa ýigrimi dollar! Indi meniň bilen oýnamaga bir sagadyňy aýryp bilýäňmi?
Terjime eden: Merýem ANNAGELDIÝEWA.