Gynansamam, öň size bu zatlary aýtamaga dilim barmady. Bu gün bolsa, sesimiň eşidilmesi üçin ýekeje pursatym bar ýaly…
Salam diýip başlaýyn sözlerime… Aslynda, salamy bizden öň siz beriň, salam berenok diýibem gaharlanmaň, haýyş. Salamy öwrediň. Ony haýsy dilde, nädip aýtmalydygyny däl-de, manysyny öwrediň. Bir zadyň ýalňyşdygyny däl-de, ýalňyşyň netijesini öwrediň. Uruşýan wagtymyzda gaharlanmaň. Hiç wagt uruşmadyk barmy eýsem? Goýberiň, adalatsyzlyga, zuluma garşy göreşeýin, göreşmegi öwrediň. Maňa adam bolmagy öwrediň. Ýaşamagy öwrediň. Bu dünýä näme üçin gelendigimi düşündiriň. Biz hem, edil siz ýaly, öz durmuşymyzy ýaşap ýörüs. Köp ýyllaryň tejribesine eýe bolmasak-da, biziňem soňy görünmeýän, gutarmaýan aladadyr dertlerimiz bardyr. Şolardan dogry baş alyp çykmagy öwrediň. Nädip öwrenişmelidigini däl-de, köpçülikde “ýedi ölçäp, bir kesip”, özüňi dogry alyp barmagy öwrediň. Meni roman ýa-da hekaýa ýazmaga mejbur etmäň. Romanlardan, hekaýalardan many alyp ýaşamagy, hatda ýaşatmagy öwrediň. Döwlet senasyny nähili tonda aýtmalydygyny däl, senamyzyň manysyny, ony özümizde duýup ýaşamagy, oňa wepaly bolup galmagy öwrediň. Ýaramaz endikli okuwçylara-da gaharlanmaň, okuwçylaryň ýaramaz endikli bolmagyna sebäp bolan derdi öwreniň. Maňa medal almagy däl-de, adamlaň göwnüni almagy öwrediň. Wagtlaýyn haý-höwes bolan yşky gadagan etmeden öňürti rowaýatlardaky ýaly yşka düşüp, hakyky söýgini araçy edinenleriň ýollaryny düşündiriň…
Eýsem-de men, düşünenleriňizden däl-de, aýdýanlarymdan jogapkär dälmi nä? Hem siz dälmi, ählimiziň sallançakdan mazara çenli öwrenýän okuwçylardygymyzy aýdan?! Şonuň üçin menem size “öwrenýän mugallymym” diýýärin. Bizi tanamagy dowam ediň! Meniň sözlerimiň tersligi gödekligim üçin däl, “bizi” size düşündirmek üçindir. Bilýän, sözlerimde ne öwgi bar ne-de ýazgarma. Ýöne ýürekden ýazdym sözlerimi. Ýene-de bilýän, gaty görmersiňiz. Sebäbi siz bary-ýogy tema gürrüň berýän hem synag alýan kişi dälsiňiz biziň üçin. Ýol görkezijimiz, doganymyz, hatda enemiz hem atamyzsyňyz!
Bizi biz edýäniň sizdigini bilýäris!
Salamlarym we hormatlarym bilen…
Nowruz Jumabaýew,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjysy.