Men erkin adam, meniň demim — tamdyryň howry, meniň emim — düýe çaly. Meniň sazym — dutar, aýdymym — ene hüwdüsi. Hiç haçanam bananyň süýjüsini gawunymyň şiresine deňemerin. Meniň üçin klassika — Nury Halmammedow. Däbim, buýsanjym, arkam — Oguz. Şu topraklarda ýöremegi öwrendim, oýunjagym — aşyk, mekdebim — namys. Sähram — bahar ýaýlasy, ummanym — Hazar. Teşnäm — Jeýhun, penam — Garagum. Kitabym — Merw, Köneürgenç, diregim — Gökdepe. Heýkelim — Köpetdag, joşgunym — Sumbar.
Men — milleti üçin galam tutan Magtymguly, gylyç oýnadan — Jüneýit han. Men — köpi gören Kerim şahyr, men — güýze aşyk Gurbannazar. Men — milleti üçin pida bolan Gaýgysyz Atabaýew, men — esger papak geýen Aýdogdy Tahyrow. Meniň baýlygym — Garaşsyzlyk, syýasatym — Bitaraplyk. Asmanym asuda, göwnüm päk. Düýnüm — dessuryny goran aksakgallar, ertirim — milliligini saklaýan altyn nesil. Baýdagym — haly, edebim — salam, haýam — keteni, gussam — gopuz. Yşkym — Aşgabat, şapagym — Awaza. Kölegäm — arçalar, ganatym — bedew, wepalylygym — alabaý. Palaw — hödür-keremim, çaýym — sazak. Nygmatym — ak altyn, mirasym — ene dilim.
Men sada, men – Türkmen ogly!
Begli Saparow.