Göwün küýsegi

Her işde bir haýyr bar

02-07-2021 / 44

HER IŞDE BIR HAÝYR BAR

Gazaply gyş günleridi. Kiçi bir obadan balykçy gämisi deňize tarap çykdy. Çykan wagty harasat zerarly deňizde güýçli tolkun emele geldi we garaňky düşdi, emma balykçylardan hiç biri yzyna dolanyp gelmedi. Gijesi bilen eneler, ýaş çagalar, aýallar ellerini galdyryp, ýitenleriň tapylmagyny sorap dileg edýärdiler we dost-ýarlaryny deňziň kenaryndan gözleýärdiler. Üstesine-de bir külbede ýangyn döredi. Erkek adamlaryň ýoklugy sebäpli külbe ýanyp kül boldy. Ertir irden bolsa balykçylaryň gämisi sag-aman kenara çykdy. Hemme begenýärdi. Emma bir aýal umytsyz garaýyşlary bilen ýola gözüni dikip otyrdy. Ol ýangynda öýi ýanyp kül bolan adamyň aýaly bolup, adamsy kenara çykansoň, şeýle diýdi.

– Indi näme ederis!? Öýümizdäki hemme zat ýanyp küle öwrüldi. Adamsy aýalyna şeýle diýdi:

– Şol ýangyn üçin şükür edýärin! Ýanan külbämiziň ýagtylygyndan gämi ýoluny tapdy we biz kenara sag-aman çykdyk.

 

 

ÝALŇYŞLARDAN SAPAK ALYŇ

Meşhur oýlap tapyjy, alym Tomas Edison ýagtylyk lampasy üçin inçe simi ýasamakda iki müňden artyk materialy synagdan geçirdi. Emma onuň ähli synaglary puç boldy we hiç hili netije bermedi. Şonda onuň şägirdi arz etdi: “Biziň ähli synaglarymyz başa barmady. Bu işlerimizden hiç zat öwrenmedik” – diýipdir. Edison şägirdine arkaýynlyk bilen , “Hawa, biz kyn ýollardan gitdik we şu işimizden köp zatlary öwrendik. Indi biz şuny bilýäris, şu iki müň elementi lampa ýasamak üçin ulanyp bolmaýan eken” – diýip, jogap beripdir.

 

 

 

Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu