KÖRPE NESLIŇ ŞATLYGY
Medeniýet hepdeliginiň üçünji gününde, ýagny 24-nji iýunda Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze gurlan “Çagalar dünýäsi” medeni dynç-alyş merkeziniň açylmagy, “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Lebap topragynda uludan toýlanýan sungatyň beýik toýunyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Körpe nesliň terbiesi, kemally ýaşlaryň ýetişdirilmegi ugrunda atalyk alada edýän hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy bagtly çagalygyň ýurduna öwürdi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup, döwrebap terbiýe hem dynç almaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglary, orta mekdepler, sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Gojaman Jeýhuny ýakalap oturan Farap etrabynda täze gurlan “Çagalar dünýäsi” medeni dynç-alyş merkeziniň açylmagy milli Liderimiziň körpe nesil baradaky atalyk aladasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şol gün Amyderýanyň ýakasynda ýerleşýän şäheriň ilaty adatdakylardan has ir oýandy. Açylyş dabarasyna howlugýan mähelle, esasan-da ýaş nesil ir säherde täze medeni dynç-alyş merkeziniň töweregine ýygnandy. Tomus dynç alyş möwsümine çykan körpeler bu şatlykly güne sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Ynha, garaşylan arzyly pursatlar hem ýetip geldi. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giň meýdanda ajaýyp desgalar toplumy peýda boldy.
Ak sakgally nurana gojalaryň, kümüş saçly mährem eneleriň gatnaşmagynda toý bagy kesilip, körpe nesliň hyzmatyna berlen “Çagalar dünýäsi” medeni dynç-alyş merkezi dynç alşyň ajaýyp mekanyna öwrülip, diňe bir Farap etrabyndan däl, eýsem, Türkmenabat şäherinden we welaýatyň dürli ýerlerinden bolan çagalary hem gujak açyp garşylar. Ol çagalar üçin dynç alşyň ýokary derejesini üpjün edýän merkez bolman, eýsem, dost-doganlygyň merkezi hökmünde ösüp gelýän ýaş nesilleriň öňküden-de jebisleşmegine getirer.
Açylyş dabarasynda welaýatyň körpe aýdymçylarynyň “Garaşsyzlygyň altyn nesilleri” atly baýramçylyk konsertiniň şowhuny alyslara ýaýrady. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan atalyk aladasy bilen gurşalyp alnan bagtyýar çagalar arzuwlaryň wysal tapýan ýurduny, ajaýyp zamanany peşgeş eden eziz Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlaryny ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň, labyzly okan goşgularynyň, şowhunly tanslarynyň üsti bilen beýan etdiler.
*****
ŞYGRYÝETIŇ TOÝY,YLHAMYŇ TOÝY
Ýurdumyzyň çar künjeginden Medeniýet hepdeligine gatnaşýan ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri şol gün daň saz berende Halaç etrabyna tarap ýola düşdüler. Olar etrabyň Lamma obasyndaky watançy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň ýadygärliginiň meýdançasynda guralan “Belent waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan!” atly şygryýet çeper okaýyşlaryna gatnaşdylar.
Ýokary tizlikli, ähli amatlyklary bolan awtobuslarda ýola düşen myhmanlary serkerde şahyryň obadaşlary duz-çörekli garşy aldylar. Ýadygärligiň ýanyndaky gadymy gala—Soltanýaz begiň galasy ýazyjy-şahyrlaryň ünsüni çekdi. Geçmişden ýadygär galan bu täsin ymaratlar olarda çuňňur täsir galdyrdy.
Şygryýet çeper okaýyşlary welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Soňra ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary çykyş edip, goşgy düzmegiň muhammes, ýedileme, gazal, rubagy, aruz, arka, murapbag, mesnewi, nezire, müseddes ýaly gadymy görnüşleri dogrusynda gürrüň etdiler we bu görnüşlerde ýazan şygyrlaryny labyzly okap berdiler.
Çeper söz ussatlarynyň baýramçylyk dabarasyna Halaç etrap medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalarynyň Seýitnazar Seýdiniň şygyrlaryna ýerine ýetiren aýdymlary, Saýat etrabynyň “Balsaýat” folklor toparynyň çykyşlary aýratyn ýakym çaýdy. Şahyrlar soňra ol ýerde hatara gurlan ak öýlerde çeper okaýyşlaryny dowam etdirdiler.
*****
Şol günüň öýläni Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň talyp ýaşlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy ýurdumyzyň şahyrlarynyň şygryýet çeper okaýyşlarynyň dowamy bolup şöhlelendi. Eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, Gahryman Arkadagymyza ýürek joşgunyny şygyrlarynyň üsti bilen çeper beýan edýän şahyr zenanyň durmuş we zähmet ýoly baradaky çykyşy, çuň many-mazmuna ýugrulan şygyrlary ýaş nesiller tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Esasan-da, şahyryň mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işlerini wasp edýän şygyrlary, hormatly Prezidentimiziň ejesi Ogulabat ejäniň çeper el işlerine bagyşlap ýazan poemasy ýaşlarda çuňňur täsir galdyrdy.
Duşuşykda aýdymçy Durmuş Rejebow çeper söz ussadynyň sözlerine ýazylan aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Talyp ýaşlar halypa şahyryň goşgularyny labyzly okadylar.
*****
SEÝILBAGDA ÝAŇLANAN AÝDYM-SAZLAR
Medeniýet hepdeliginiň şol günki dabaralary Türkmenabat şäherindäki “Bitaraplyk” seýilgähindäki “Türkmeniň toý derwezesi” meýdançasynda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlendi.
Konsertde welaýatlaryň tanymal sungat ussatlary mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden ajaýyp zamanasyny wasp edýän joşgunly aýdym-sazlary, milli tanslary ýerine ýetirdiler. Daşoguzly dessançylaryň çykyşlary, balkanly sungat ussatlarynyň küştdepdi tansy tomaşaçylar tarapyndan has-da gyzgyn garşy alyndy.