Medeniýet hepdeligi
Mähriban TÜRKMENgazet web sahypamyzyň okyjylary, häzirki wagtda Lebap welaýatynda medeniýet hepdeligi uly dabara bilen geçirilýär. Biz hem bu ajaýyp döredijilikli günleriň beýanyny size ýetirip durarys. Bizden daşlaşmaň!
Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda uludan bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeligini geçirmek dabarasy indi däbe öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda türkmen sungatynyň ajaýyp toýy Lebap welaýatynda, gojaman Jeýhunyň ýakasynda geçirilýär.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar 22-nji iýunda Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Ol ýerde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Ir säherde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar toý dabarasynyň başlanandygyny Jeýhun boýuna buşlady. Bu şatlyk joşgunly köňüllere üýtgeşik ýakym çaýdy. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine çuňňur hormat-sarpasynyň nobatdaky beýany bolup, sungatyň beýik toýuna gatnaşyjylara ganat bekledi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýalary, Görogly şadessanyndan, halk döredijiliginden ýerine ýetirilen parçalar, meşhur küştdepdi tansy toý dabarasynyň şowhun-şagalaňyny has-da artdyrdy.
Toý meýdançasynda dabaralandyrylan sergi özboluşly milli bezegi bilen hemmäniň ünsüni özüne çekdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň aýratynlykda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, türkmen milli saz gurallarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylarda çuňňur täsir galdyrdy. Sergi diwarlyklarynda merjen paýtagtymyzyň owadan milli binagärlik keşbini suratlandyrýan görnüşler, sünnälenip bejerilen şaý-sep bezegleri, milli saz sungatymyzyň senetçiligi, ak bugdaýyň we “ak altynyň”, miwe we gök-bakja ekinleriniň bolçulygyny, behişdi bedewleriň dünýä dolan şan-şöhratyny alamatlandyrýan görnüşler, haly we haly önümleriniň, milli lybaslaryň täze görnüşleri aýratyn orun eýeledi.
Ruhyýet köşgüniň girelgesinde körpe nesliň ata Watanymyzyň, mähriban Arkadagymyzyň waspyny ýetirip, uly joşgun bilen okan goşgulary, welaýatyň sungat mekdebiniň okuwçylarynyň skripka saz guralynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazlary köňüllere şatlyk paýlady.
*****
Ruhyýet köşgünde geçirilen “Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir” atly maslahat hepdeligiň çägindäki çäreleriň ilkinjisi boldy. Mähriban Arkadagymyzyň ene-ata we perzent babatda aýdan ajaýyp jümlesi bilen atlandyrylan maslahat maşgala gymmatlygyna, nesil terbiýesine bagyşlandy. Türkmen jemgyýetindäki iň asylly ýörelgeler öý-ojakdan, maşgaladan, ene-atadan başlanýar. Maşgala näçe berk bolsa, jemgyýet şonça-da baýdyr diýilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde ene-atanyň görüm-göreldesinden alnan terbiýäniň nusgalykdygy nygtalýar. Bular barada maslahatda edilen çykyşlarda giňden durlup geçildi. Soňra Ruhyýet köşgüniň giň sahnasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy. Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowanyň, Atageldi Garýagdyýewiň, Sahydursun Hojakowanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlarynda, Lebap welaýatynyň birleşen folklor toparlarynyň çykyşlarynda ene-ata waspy, kemally nesil terbiýesi, ene-atany sylamak baradaky asylly ýörelgeler giň beýanyny tapdy. Seýitnazar Seýdi adyndaky welaýat sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Ata-ene sarpasy iň mukaddes borjumyz” atly teatrlaşdyrylan edebi-sazly kompozisiýa uly gyzyklanma bilen tomaşa edildi.
*****
Şol gün, ýagny 22-nji iýunda welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda ‘Mirasymyz—buýsanjymyz” atly döredijilik duşuşygy, oba we öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Bu duşuşykda we usuly maslahatda sorag-jogaplara uly orun berlip, özara tejribe alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzyň goralmagy we aýawly saklanmagy babatda alyp barýan giň gerimli işleri, ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň has-da döredijilikli işlemekleri üçin döredilýän amatly şertler barada hem buýsançly gürrüň edildi.
Maslahata gatnaşyjylar taryhy we medeni gymmatlyklaryň, milli mirasyň baý goruny özünde jemleýän welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýini aýlanyp gördüler.
*****
Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçirilýän çäreler şol gün agşamara welaýatyň merkezi şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde dowam etdi. Ol ýerdäki “Türkmeniň toý derwezesi” meýdançasy köp adamly boldy. Hepdelige gatnaşyjylar, aýdym-saz muşdaklary ol ýerde Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan konsertine tomaşa etdiler. Sungat ussatlary hem-de hepdelige gatnaşýan myhmanlar bilen bilelikde ýerine ýetirilen şowhunly tanslar toý lybasyndaky Türkmenabat şäheriniň aýly gijelerini uly şatlyga besledi.
Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Oňa gatnaşyjylara dabaraly açylyşlar, örän gyzykly hem täsirli duşuşyklar, aýdym-sazly çykyşlar, medeni çäreler garaşýar.