Habarlar

Bäsleşik jemlendi, sylaglar gowşuryldy

23-06-2021 / 16

Mähriban turkmengazet.сom web sahypamyzyň okyjylary,

Hemmämize mälim bolşy ýaly, maý aýynyň 18-ne yglan edilen “Meniň söhbetdeşim” bäsleşigimiz jemlendi. Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Milli merkezinde bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapynda sowgatlar gowşuryldy.

Dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň wekili, turkmengazet.com web sahypasynyň baş redaktory, şeýle-de emin agzalar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaşlaryň ähli ugurlarda kämilleşmegi üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Şeýle-de geçirilýän bu döredijilik bäsleşikleriň hem ýaşlaryň höwesleriniň artmagynda, ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

TÜRKMENgazet web sahypamyzyň döredijilik toparynyň adyndan ýeňijileriň ählisini gutlaýarys. Galamyňyzyň ujy ýiti bolsun, mähribanlar.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu