Sport

Tebigatyň gülgüne reňkli açyşy

22-06-2021 / 13

Daşymyzy gurşap alýan dünýämiz täsinliklerden, ajaýyplyklardan we haýran galdyryjy açyşlardan doly. Şeýle ajaýyplyklaryň biri-de Hiller kölidir. Bu köl tebigatyň adaty bolmadyk, gülgüne reňkli özboluşly açyşydyr. Hiller köli ilkinji gezek 1802-nji ýylda iňli gözlegçisi we gidrografçysy M.Flinders tarapyndan öwrenildi. XX asyrda bu ýerde duz gazyp almaklyk işi ýola goýlupdyr. Ýöne biraz wagtdan soň bu iş saklanylypdyr. Hiller köli Günbatar Awstraliýanyň günorta kenarýaka sebitlerinde onlarça kilometre uzalyp gidýän ajaýyp ýerdir. Kölüň töweregini mydama gök öwsüp durýan ewkalipt agaçlary gurşap alypdyr. Onuň esasy aýratynlygy hem onuň suwunyň reňkidir.

Suwy örän duzly bolup, duzlulyk derejesi umman suwlarynyň duzlulyk derejesinden hem birnäçe esse ýokarydyr. 1950-nji ýylda alymlar topary kölüň duzly suwunda onuň reňkine sebäp bolan gyzyl suwotylar bardyr diýen çaklama bilen ony öwrendiler. Emma garaşylýan netije çykmady. Kölüň suwunda gyzyl suwotylar hiç hili tapylmady. Şol sebäpli kölüň suwunyň gülgüne reňki henizem syr bolmagynda galýar. Ýene-de bir çaklamalara görä, kölüň suwunyň bu reňke boýalmagynda ondaky bakteriýalaryň we mikroorganizmleriň täsiriniň bardygy bolup, emma ol hem anyk netije bermedi. Gülgüne kölüň uzynlygy 600 metr, in 250 metr töweregi bolup, ol ýalpakdyr. Möwsüme baglylykda, suwuň reňkiniň açykdan goýy goňur reňke çenli üýtgeýän wagtyny hem görmek bolýar. Geçirilen işlere görä, kölüň gülgüne reňkli suwy bir gaba guýlup, birnäçe gün geçenden soň hem üýtgemeýändigi kesgitlenildi. 

 

Aýläle ÝOLDAŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu