Sport

Özboluşly hem-de täsin miweler

20-06-2021 / 31

Carpotroche brasiliensis – gyrymsy agaçdyr. Esasan Sumatra, Kalimantan, Malaýziýa ýaly ýurtlarda duşýar. Miwesi örän tagamly bolup, daşky gabygy örän üýtgeşik şekilde açylýar. Tohumlary şireli gyzylymtyl-akdyr.

 

 

 

Ubaia Amarela – boýy 3 metre ýetýän gyrymsy agaç. Miwesiniň tagamy birneme süýji, sarymtyl-mämişi reňkli, düzüminde kislotalar örän az mukdarda. Esasan alkogolsyz içgiler taýýarlanylanda peýdaly çig mal bolup hyzmat edýär.

 

 

Barringtonia edulis – Malaýziýada ösýän pesräk boýly miweli agaçdyr. Ol esasan oba ýerlerinde, ýollaryň gyrasynda ösdürilýär. Örän owadan gülleri bolan bu agaç seýrek ýagdaýda miwe getirýär. Miwesi terligine we bişirilip iýilýär. Onuň energiýa gymmaty diýseň ýokarydyr.

 

 

 

Babassu ýa-da palma agajy – kokoslara degişli bolan görnüşdir. Miwesi örän ýagly, ak reňkli, içki dokumasy dykyz bolup, esasan terligine peýdalanylýar. Tebigy ýagdaýda haýwanlar üçin hem ýaramly iýmitdir. Ondan kosmetiki serişdeler hem taýýarlanylýar. Miwesinden alnan ýag lukmançylykda peýdalanylýar.

 

 

 

 

Cornus kousa – boýy 8-12 metr bolan kiçi ýaprakly agaçdyr. Ol Koreýa, Hytaý, Ýaponiýa ýaly gündogar ýurtlarynda duşýar. Miwesi diametri 2-3 sm bolan sferik şekilli miwedir. Ol azyklyk, bezeg hökmünde ekilmek bilen, dürli içgileri taýýarlamakda ulanylýar.

 

 

 

Calamus manillensis ýa-da ýantok – Awstraliýada ösýän üzüm agajy bolup, ol tokaýdyr-jeňňellikde duşýan täsin agaçdyr. Tagamly miwesiniň daşyndaky gabygy özboluşly keşbi bilen haýran galdyrýar.

 

 

 

Kesusu – Borneo adasynda ösýän täsin hem-de lezzetli miweli agaçdyr. Tohumlary ýumşak we ýagly bolup, miweden aňsatlyk bilen bölünip aýrylýar. Miwesinde turşulyklar az bolup, tagamy süýjüdir.

 

 

 

 

Santol – Günorta-Gündogar Aziýada ösýän miweli agaç. Uzynlygy 15-30 sm bolan elliptik ýaprakly, beýikligi 15-35 metr bolan miweli agaç bolup, miwesi iki hili bolýar. Ikisinde-de goňur reňkli 3-5 sany tohumlary bar. Esasan alkogolly içgileri taýýarlamakda peýdalanylýar.

 

 

Manila tamarind – boýy 5-8 metre ýetýän, miwesi gyzyl reňkli hem-de etlek, örän süýji tagamly bolan ösümlikdir. Daşy ýaşyl gabykly, gara tohumly miweleri terligine peýdalylyp, alkogolsyz içgileriň önümçiliginde ýaramly çig maldyr.

 

 

 

Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk insitutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu