
Mähriban okyjylarymyz, turkmengazet.com internet sahypamyz şygyr bäsleşigini yglan edipdi. Elbetde, goşgy ýazmak her kime başardmaýar. Onuň üçin şahyr bolmak gerek. Ýurdumyzda ýaş, halypa şahyr ýazyjylarymyz bar. Her şahyryň öz stili, öz ýazyşy bar. Biz hem bäsleşigimizde bu hakykatdan daşlaşman, esasy terjime edilen şygyryň kapyýalaryna, ýazylyş stiline, many taýdan pikiri dogry beýan edilşine üns berdik. Bäsleşikde 50 % eminleriň garaýşyny göz öňünde tutduk, şeýle-de saýtymyzda okalan sanyny hasaba aldyk. Elbet-de, “okalan sanynynyň” has köp bolanlary hem bar, emma mälim bolşy ýaly, sanly ulgamyň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, diňe hakyky okalan sanlary hasaba aldyk.
Mähribanlar “Şahyr bolsaň, ondan bize habar ber” bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi:
- Orazmyrat MYRADOW- “Nesil” gazetiniň jogapkär kätibi. Ýazyjy;
- Gülşirin HANOWA- Şahyr;
- Aýmyrat Hudaýberdiýew- Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Ýeňijilerimize pul baýraklary gowşurylýar.