Bize päsgel berýänlere köp köp sagboluň,
Zyýan berjeklere ýene sagboluň.
Arzuw-niýetlermiz bir-bir ýok edip,
Göwne degjeklerem sizem sagboluň!
Wah, bilseňiz siz adamlar,
Durmuşdaky roluňyzy,
Zyýan berjek bolup bize,
Peýda etýan oýnuňyzy.
Sagboluň sizlere ýene ýürekden,
Aýdýaryn sagbolsun köp köp gaýtalap.
Zyýan etjeklerden öwrendim ençe,
Ykbal öwrüminde aglap, barçalap.
Barlyklaryn gadryn ýitirseň bilýän,
Jyda düşseň bilýäň, göwnüň gadryny.
Bagt bilen hiç zady deňäp bolmaýar,
Bolmaýar gazanyp bagtyň baryny.
Akmuhammet DÖWRANOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň filosofiýa hünäriniň talyby.
Turkmengazet.com guraýan bäsleşikleriňiziň höwri köp bolsun gaty çekeleşikli geçýäne meňzeýär. Druzya druzeydada çykýar goşgular. Käbir Terjimeler orginal goşgudanam gowy ýazylypdyr. Şu terjime hasam ýerine düşipdir. Kapyýasy käbir ýerinde gabat gelmeýänem bolsa manysy ähli terjimlerdenem çuññur. Berekella