Bize hile gurýanlara sag bolsun,
Zyýan berip goýmak üçin azara,
Öňde goýan maksadymyz synmazdyr,
Goý böwet bolsunlar, düşsünler ara.
Bilsedi adamlar ýekeje zady,
Wah bolmanda düşünäýsin çalaja.
Bu ykbalda nädip orun alýanyn,
Gussa, hasrat tirkeşende bileje.
Ýitgisini gözläp görmese göwün,
Ömür boýy bagtyň gadryny bilmez,
Çyny bilen ynjan göwün gyýylsa,
Bagtyndan el üzüp söýgüsiz gülmez
Bolmadyk bolsady şol gazaplylar,
Biz nädip ýaşardyk, nädip öserdik,
Şolar bize päsgel bereni üçin,
Ýagtylyga yş gözledik ylgadyk,
Müňläp täze pikir bilen galgadyk.
Müň gezek gaýtalap diýýärin ýene,
Manysy bolmazdy bu ömür ýoluň.
Sizsiz bu menzile ýetmezdik asyl,
Göripler minnetdar size sag boluň!
Terjime eden: Gunça Orazowa
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.