- Oksford uniwersiteti gadymylygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýar, birinji orunda bolsa Bolonýa uniwersitetidir.
- Oksfordyň ilkinji kollejleri XIII asyrda açylypdyr we 1879-nji ýyla çenli zenan maşgalalara okamaga rugsat berilmändir.
- Oksford uniwersitetinde 38 sany aýry kollej we 5 sany ýapyk zal bar.
- Oksfordyň Ikinji Jahan urşunda bombalanmazlygynyň sebäbi Gitler ony Angliýany basyp alandan soň paýtagt şäher etmek isläpdir.
- Hasaplamalara görä, uniwersitetde 22000 talyp okap, olaryň 11772 sanysy tamamlanmadyk ýokary bilim (bakalawr) we galan 9850 sanysy tamamlanan ýokary bilim (magistr) derejesinde bilim alýarlar.Talyplaryň 62% daşary ýurtly talyplardyr.
- 1683-nji ýylda gurlan Oksfordyň “Ashmolean”muzeýi dünýäde ýörite ähli jemagat üçin niýetlenip gurlan meşhur iň gadymy muzeýdir.
- Oksford hususy uniwersitet bolup, 300-den gowrak görnüşli hünari talyplara hödürleýär.
- Ortaça ýyllyk okuw tölegi Britaniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň talyplary üçin £9000,Ýewropa Bileleşiginden daşary talyplar üçin bolsa, £14415 bilen £21222 aralyk.
- Oksford 1642-1646-njy ýyllaryň “Raýatlyk urşy” döwründe Angliýanyň paýtagty bolupdyr.
- Oksfordyň şygary “The Lord is my light”.
- “Alisa täsinlikler dünýäsinde” atly kitapdaky Alisa hakykatda Alisa Liddell atly gyz bolup, ol Oksford uniwersitetiniň “Christ Church” kollejiniň dekanynyň gyzy bolupdyr.
- Oksford sözi “Oxanforda”sözünden gelip çykyp, “Öküzleriň geçelgesi” diýen manyny berýär.
- Oksford uniwersitetiniň talyplarynyň geň adatlarynyň biri hem, synaglaryny tamamlaýan talyplaryň üstüne ýumurtga we sously makaron zyňmakdyr.
- Oksford uniwersitetimiň talyplary olimpiadalarda 158 altyn medal eýeläpdirler.
- Britaniýanyň Primer Ministrleriniň 27-si Oksfordda bilim alypdyr.
- Oksforduň iňlis dili sözlügi ilkinji gezek 1884-nji ýylda çap edilip, iňlis diliniň iň meşhur düşündirişli sözlügi hökmünde tanalýar.
Taýýarlan: Selbi ANNAMYRADOWA,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti.