Göwün küýsegi

MINNETDAR SIZE

10-06-2021 / 19

Bahyllyk edýänler, minnetdar size,
Meýl edýänler kastymyza çykmaga.
Badak atyp başymyza al salyp,
Jan edýänler göwnümizi ýykmaga.

Olar aňlap biläýseler eger-de,
Ezgerdigni haýsam bolsa bir keşbe.
Oýnaýarlar biziň ykbalymyzda
Edip bu agyry-yzany peşgeş.

Terk edip gitmegi bilmeýär göwün,
Göwün ýer bermeýär öýkedir kinä.
Durmuşda näm bilen ölçenýär bagt?
Ötünji, şatlygy deňärsiň nämä?

Nädip beýgelmeli, güýçli bolmaly,
Bolmasady ýagşy-ýaman adamlar.
Olaryň döredýän kynçylyklary
Müňläp başlangyja bolýar badalga.

Gowulygy, hoş niýeti ýar edip,
Men olary tekrarlaýan ýeterlik:
Ähli zatlar üçin minnetdar size,
Ah, siz bolmasaňyz näme ederdik?!

Gurbanjemal ANNAKOWA.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu