Göwün küýsegi

Şerzod Kamil Halil: Biz ýitip gideris

09-06-2021 / 16

(Hekaýa)

Bering deňziniň kenary bilen Sibiriň gar örten giňişliklerinde gezim etseňiz, ýoluňyzda ýerli ruslaryň Hatyrka diýip atlandyrýan Watyrkan obasy gabat geler. Bu çukçalaryň dilinde “gury, arryk ýer” diýen manyny aňladýar. Ähtimal, bu ýalaňaç meýdanda ýerleşen obanyň ekip-dikip hasyl alyp bolmaýan topraklary bilen baglydyr, kim bilýär?!
Näme bolsa hem, watyrkanlylaryň daýhançylyk bilen meşgullanýan halk däldigini olaryň ýerleri aýdyp dur. Olaryň esasy käri — balykçylyk. Obanyň aşak başyndan Watyrkan derýasy akyp geçýär. Suwy buz ýaly sowuk. Watyrkanlylar balygy, esasan, şu derýadan tutýarlar. Belli awçylar hatda Bering deňzine çenli baryp ýetýärler. Tutulan balyklary başga bir oba bolan Meýnypilgynodaky balygy gaýtadan işleýän konserwa zawodyna tabşyryp, ol ýerden pul hem, azyk-owkat hem almak bolýar.
Bu gürrüňleri size aýdýanymyň sebäbi, takdyryň emri bilen, men şol Watyrkana barmaly boldum. Şol günler asmanyň ýüzi gamaşyp durdy, ähli ýeri gar örtendi. Dogrusy, hemmesine Anadyrda işlän wagtym watyrkanly Akana diýen gyz bilen tanyşmagym sebäp boldy.
Gözleri biraz gyýygrak, saçy çyparrak, garaýagyzrak bu gyzyň maňa nämesiniň ýaranlygyny bilemok. Onuň mylakatly ýüz-gözi maňa şeýle bir mähriban bolup galypdy, aýtsam, ynanmarsyňyz. Akanany bir gün görmesem, ýüregim gysardy. Onuň hem mende göwnüniň bardygyny bilsem-de, oňa ýüregimdäkini açyk-aýdyň aýdyp bilmezdim. Emma bir gün baryny aýtmaga mejbur boldum. Çünki Akana meni bu ýerde taşlap, Watyrkana başbütin gitmekçidigini aýdanynda, ýüregim para-para bolup gitdi:
— Meni kakam Kukki çagyrýar. Ol indi garrady. Gözi açyklygynda meniň durmuşa çykmagymy isleýär — diýdi gyz.
Men ýüregimdäkini aýtmak üçin jaýdar pursadyň gelenini bilip:
— Akana, durmuşa çykmagyňyz zerurlyk bolsa, maňa durmuşa çykaýyň. Men sizi gowy görýärin — diýdim.
— Muny aýtmasaňyz-da, bilýärdim. Ýöne, bagyşlaň, men size durmuşa çykyp bilmerin — diýip, Akana jogap gaýtardy.
— Näme üçin, Akana?.. Biziň biri-birimizde göwnümiz bar ahyry!..
— Dogry, — gyz garaşman durkam aglap goýberdi. — Çukça ýa-da rus bolan bolsam hem, size durmuşa çykardym. Emma men kerek.
— Kerek? — haýran galdym.
Çünki öň beýle halkyň bardygyny hiç eşitmändim. Çukçalaryň has ýokary gatlagy bolsa gerek diýip pikir etdim. Şonuň üçin gyza:
— Kerek bolaňyzda näme? Özbek bolanlygym üçin, maňa göwnüýetmezçilik edýäňizmi?.. Bizde hem işanlar garaçylara gyz berenoklar. Emma, ynanyň, bularyň bary ähmiýetsiz zatlar. Adamlaryň ählisi Adam ata bilen How eneden gaýdýan bolsa, beýle dannamalaryň nämä geregi bar?! — diýdim.
— Ýok, Awaz eke, siz maňa düşünmediňiz — gyz maňa öýkeli garady. — Näme üçin göwnüm ýetmesin?.. Özbekler nire, kerekler nire? Bu, umuman, başga mesele… Kerekler dünýäde barmak basyp sanaýmaly wekili galan millet. Bir kitapda-ha okapdym. Antropologlar bizi iň az sanly on halkyň sanawyna girizipdirler. Aslynda, ýiteňkirlän millet biz.
— Häzir näçe siz? — bogazyma nämedir bir zat dykyldy.
— Bary-ýogy sekiz kişi. Bu gorkunç. Biz basym ýitip gidýäris. Düşünýäňizmi?
— Akana, — men uludan dem aldym. — Kerekleriň pajygasyna düşünmez derejedäki akmak däl men, emma sizsiz ýaşap bilmerin. Maňa mümkinçilik beriň.
— Ýok, — gyz çürt-kesik jogap berdi. — Maňa öýlenjek bir kerek ýigit bar. Kakam Kukki meni şol ýigide bermekçi. Milletim ýitip barýan wagty söýgini başyma ýapaýynmy?.. Haýyş edýän, meni bagyşlaň — gyz gözlerini ýaşa dolduryp, ylgap, menden daşlaşmak bilen boldy.
Men, ine, şunuň ýaly döwlen göwnüm bilen Anadyrda galyberdim. Akana Watyrkana gitdi. Bir hepde özüme gelip bilmän, güň açan ýaly bolup ýördüm. Otursam-tursam, Akana göz öňümden gitmedi. Ahyry, näme bolsa, takdyrdan diýip, Watyrkana onuň yzyndan bardym.
Haçhatain şäherçesine çenli dikuçarda gitdim. Ondan aňryk maşynda. Watyrkandaky dizel elektrostansiýasynda işleýän, özüm deň-duş Mişa atly bir rus ýigidi meni alyp gitdi. Watyrkan meni juda geň galdyrdy. Hemme ýerde ýagşyň hem garyň täsiri bilen garalyp giden agaç haýatlar, edil şonuň ýaly agaç jaýlar. Hemmesi, göýä, oda ýanan ýaly, geň-taň hala salýardy.
Çypar saçly Mişanyň aýtmagyna görä, obada, esasan, çukçalar we ruslar ýaşaýar eken. Kerekler hakynda soranymda, ol kibtini gysyp, biperwaýlyk bilen:
— Bolsa bardyr — diýdi. — Olar saňa nämä gerek?
— Men — antropolog. — Mişa ýalan sözlemeli boldum.
Akana barada gönimden gelip, oňa çynymy aýdyp hem biljek däldim. Dünýäniň başga bir künjünden şu gyzy söýenligim üçin, ony yzlap gelýän diýmek, çyn söýgä seýrek duş gelinýän bu döwürde, beýle zat gulaga geň bolup eşidiljekdi.
Barmaly menzilimize ýetenimizde, Mişa maňa sowal berdi:
— Eý, antropolog, bu ýerde sen nirde ýaşamakçy bolýaň?
— Mişa, munuň pikirinem etmändirin — diýip, oňa dogrymy aýtdym.
— Ýör, onda meňkä gideli. Bärde ýeke özüm ýaşaýan. Aýalym Nika şäherçede galdy. Oňa Watyrkan ýaranok, şonuň üçinem bu ýere seýrek gelýär. Gündiz işde bolýan. Arkaýyn boluber öýde.
Göwnaçyk rus ýigidiniň teklibi meniň kalbymy gozgady. Mysapyrlykda munuň ýaly adamlara gabat gelseň, başyň göge ýetýär. Hudaýyň barlygyna ýene bir gaýta gözüň ýetýär. Garaz, Mişanyňka bardym. Hemme watyrkanlylaryňky ýaly adaty agaç jaý.
— Bu, aslynda, Darýa daýzamyň öýi. Ol on ýyl ozal ýogaldy. Öýi maňa galdy.
Mişanyň öýüne ýerleşenimden soň, Akananyň we kerekleriň idegine çykdym. Bir çukça ýüzüme geň galyp garap:
— Sen özbek, Kukkiniň gyzyny idäp geldiňmi? — diýdi. — Bezzat gyz-a, Anadyra özüne är tapynmaga giden eken-dä. Kukki ýene çukçalaryň kerekleri ýuwdup barýandygyny aýdyp, nalaýar. Gyzynyň näme işläp ýörenini özi hem bilýän däldir.
Men dişimi gysdym. Başga wagt bolanlygynda, munuň ýaly gödek sözleri üçin, mazalyja merkini bererdim. Emma ol meniň ideýän adamlarymy bilýärdi. Şonuň üçin hem özüme basalyk berdim. Ol maňa Kukkiniň öýüni salgy berdi.
Çukçanyň aýdan Kergitagina köçesine bardym. Kukkiniň öýüni tapdym. Elmysakdan galan bir köneje öý. Işigi Akana açdy. Meni görüp, ýüzünde bir pursatlyk guwanç, soň gorky we ökünç alamatlary peýda boldy.
— Barybir gelipsiňiz-dä — diýip, ol maňa howatyrly bakdy.
Akana meni Kukkiniň ýanyna eltdi. Kukki kerekleriň dilinde “garga” diýmegi aňladýar. Olarda Kukki we onuň aýaly Mita barada rowaýat hem bar. Emma meniň gören Kukkim rowaýatdaky Kukkä asla meňzänokdy. Onuň aýaly esli wagt ozal ýogalan eken. Anadyrda bu hakda maňa Akana gürrüň beripdi. Kukki meniň çak edişimdenem has garry adam eken. Onuň näçe ýaşyndadygyny bir Hudaý bilýän bolaýmasa.
Gyzy Akana öýlenmek isleýändigim baradaky gürrüňlerimi ümsüm halda diňläninden soň, sowal berdi:
— Milletiň näme, ýigit?
— Özbek men — diýdim.
— O-how, özbekler — juda gowy millet. Eşidipdim. Seni görüp, muňa ýene bir ýola göz ýetirdim. Emma düşün, meniň kereklerden başga birine berip biljek gyzym ýok. Biderek şunça ýol söküp gelipsiň. Akana diňe kerege mynasyp.
— Men ony söýýän!
Kukki kinaýaly, şol bir wagtda-da ökünçli ýylgyrdy. Soň maňa bütin ýürek derdini dökdi:
— Bilýäňmi näme, şunuň ýaly bimany hem maksatsyz söýgüler zerarly, kerekler ýok bolup gitmegiň gyrasynda durlar. Ýakynda bir rus tanşym maňa Russiýadaky ilat sanawyny görkezdi. Ikinji Jahan urşundan soň kerekler ýüz kişiden hem agdyk eken. Indi oýlanyp görýän welin, şonda hem milletimizi saklap galmak üçin azda-kände mümkinçiligimiz bar eken. Diňe baryny dogry ýola salmak gerek eken. Biziň belli bir çäkde ýaşamagymyz, zenanlarymyza köpräk çaga dogurtmagymyz we gyzlarymyzy diňe kereklere bermegimizi zerur eken. Gyzlarymyzy özge millete bermäge derek, gerek bolsa, köpaýallylyga ýol bersek, gowy bolardy. Emma biz hemmesini tersine ekdik. Munuň netijesi näme boldy?! Çukçalar bizi ýuwdup goýberdiler. Rus tanşym muňa assimilýasiýa (uýgunlaşma hadysasy) diýýär. Men bilýän, öňler biz köpdük. Bizi assa-ýuwaşlyk bilen ýokladylar. Göçürmek, epidemiýa, deňiz bilen bagly tebigy betbagçylyklar, urşa ibermek, seňki ýaly bimany söýgüler — ine, şunuň ýaly, azlyk bolan kerekleri näme ýok etdi?! Nemesler Russiýa çozup girende, kakam Hudaýa ýalbaran dek ýalbarypdyr, kerekleri urşa almaň diýip. Timofeý Wozduhow diýen serkerde kakamy köşeşdirip, şeýle diýipdir:
— Ýagşy, ýeke kerek hem urşa gitmez.
Soňra esgerlerine buýruk beripdir:
— Urşa ýaramly kerekleriň hemmesini öldüriň. Olar urşa gitmezler.
Serkerdäniň ýekeje sözi bilen, öldürhä-öldür, gaçha-gaç başlanypdyr. Şeýdip kerekler urşa gitmändirler. Öli halda öýde galypdyrlar. Bir döwür, ine, şeýle bolupdyr. Indem kim bilýär?! Ýakynda jojuk sanan ýaly sanalypdy. Bary-ýogy sekiz kişi bolup galypdyrys. Watyrkanda, Meýnypilgynoda we Haçhatainde — başga ýerde kerek galmady. Bir zamanlar welin müňe ýakyndyk. Indi bizi sanamak üçin eldäki barmaklaryň özi hem ýetýär. Bilýän, sanaýmalyja ýyldan soň biz ýok bolarys. Emma häzirlikçe barkak, bir-birimiz bilen kerek dilinde gepleşýäris, kerek halkynyň ýaşamagy üçin göreşýäris. Ýagdaý şeýle, saňa berip biljek gyzym ýok. Söýseň, söýüpsiň-dä. Maňa düşünen bolsaň, öýümden git, gaýdybam bu ýere dolanyp gelme. Nesibäň çekip, geläýseň hem, biz ýok bolup gideris. Akana, ony ugrat.
Men Kukkiniň ýanyndan, ine, şeýle garjaşyk bir aladaly halda çykdym. Ony ýolundan dändirmek üçin mende hiç hili delil ýokdy. Kukkiniň hakykatynyň ýanynda meniň söýgim hiç zatdy. Muňa hatda özüm hem ynanyp başladym. Akana bilen daşary çykanymdan soň, ony ahyrky ýola bagryma basyp, maňlaýyndan öpdüm. Gyz garşylyk görkezmedi. Onuň gyýyk gözleri gözýaşa dolupdy. Gyz töwerekdäki ap-ak ümmülmez giňişlige garap:
— Bu ýerden tizräk gidiň, howa sowuk — diýdi.
— Akana — diýip, ony entegem bagryma basyp durşuma dillendim. — Men hemmesine düşündim. Men bu ýerden bütinleý giderin. Sen kakaň aýdýan şol kerek ýigidine, elbetde, durmuşa çyk. Meni unut. Biz indi biri-birimiz üçin ýok bolarys…
Onuň bilen gyssanmaç hoşlaşyp, arkama hem garanman gaýtdym. Akananyň ses edip aglaýanyny eşitdim, emma indi yza dolanmak ýokdy. Köçäni boýlap gidip barşyma, üst-başyma gar tozgajyklarynyň gaýyp düşýändigine üns berdim. Watyrkanda ozal-ebedi bolşy ýaly, iri-iri gar torgaýlap ýagýardy…

2014-nji ýyl 26-njy awgust
Daşkent – Çilanzar.

Terjime eden: Orazmyrat Myradow

(Gadyr gijesi)

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu