Göwün küýsegi

Şygyr bäsleşigine: Sag boluň!

06-06-2021 / 20

Bize päsgel berýänleriň barsyna,
Bilgeşleýin zelel edýänlere hem,
Niýetlermiz ýumrup, guma garsa-da,
Sag bol aýdýan görip betpällere men.

Eger bolmasa ol ynsanlar asla,
Kyn bordy ölçemek kömeklerini.
Uly orun tutýar ykbalymyzda,
Jepa berip, goýup köp derde bizi.

Ýitgiň nämedigin bilmese adam,
Öýkäň nämedigin bilmese kişi,
Bagty näme bilen ölçär ol ýa-da
Bagyşlap bilmegi ölçesin niçik?!

Niçik paýhaslansyn, neneňsi össün,
Bet pygylly päk adamlar bolmasa?!
Olaryň döreden böwedin, kössün
Ýeňip dörär pikir, Hudaý goldasa.

Müňläp pikir dörär ýagşy hem ýagty,
Gaýtalaýan ýene ýüz ýola muny:
Sag boluň, men size minnetdar gaty,
Ýeri, näderdik biz siz bolmasaňyz?!

Natalýa Drazdowa.
Terjime: Orazmyrat MYRADOW.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu