Ispaniýa gaýybana syýahat
1.Ispaniýa Günorta Ýewropadaky Prineý ýarym adasynda ýerleşýän döwlet bolup, paýtagty Madrid şäheri. Ispaniýa 1479-njy ýylyň ýanwar aýynda açylýar we häzirki tutýan meýdany 505,955km2. Tutýan meýdany boýunça Ýewropa Bileleşiginde 2-nji orunda durýar.
2.Ilaty 47 million adam bolup ilat sany boýunça dünýäde 5-nji ýerde durýar.
3.Ispaniýa Andorra, Marokka, Fransiýa, Portugaliýa, Gibraltar döwletleri bilen araçäkleşýär. Ispaniýada 17 sany özbaşdak sebit we 2 sany özbaşdak şäher bar.
4.Döwlet dili Ispan dili. Ispan dili ýerli ilatyň iň köp gürleýän dili bolup dünýäde Hytaý dilinden soňra ikinji ýerde durýar. Bu dil Ispaniýada döränligine garamazdan häzirki wagtda Amerika materiginiň döwletlerinde, käbir Afrika we Aziýa döwletlerinde giňden ýaýran dildir.
5.Ispaniýada adam ýaşynyň ortaça dowamlylygy 83 ýaş bolup, Ýaponiýadan soňra dünýäde ikinji orny eýeleýär. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, Ispaniýada aýallar erkeklere görä köp ýaşaýarlar.
6.Halkyň aglaba bölegi 24 sagadyň 16-syny dynç almaga, iýip-içmäge we uklamaga sarp edýärler.
7.Ýurduň paýtagty Madridde ýerleşýän”Botin restorany” dünýäde iň gadymy restoran hökmünde Ginnesiň rekortlar kitabyna girizilendir.
8.Ispaniýanyň ilatynyň bary ýogy 13,6%-i dynç günleri ybadathana gidýärler.
9.Ispaniýanyň pul birligi Ýewrodyr.
10.Ispaniýada bilim hökmany bolup, kanun taýdan 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli mugt bilim berilýär we her bir çaganyň şu ýaşlar aralygynda mekdebe gatnamagy hökmanydyr.
11.Meşhur sport oýunlary futbol, basketbol, tennis, tigir sürmek, golf, gandibol, mator ýaryşy, futzal, buzda we garda typmak.
12.Iň uly dagy Teide dagy bolup, beýikligi 3718metr.
13.Ispaniýa syýahatçylaryň has köp syýahat edýän ýeri hökmünde dünýäde Fransiýadan we Amerikadan soňra 3-nji ýerde durýar. Syýahatçylyk Ispaniýanyň ykdysadyýetine ýylda milliardlarça girdeji getirýär. 2016-njy ýylda ýurda 75,6 million syýahatçy gelipdir.
15.Ispaniýanyň milli miwesi üzüm bolup bu ýerde onuň 400-den gowrak görnüşi bar.Üzüm esasan Ispaniýada çakyr önümçiligi üçin ösdürilýär.Ispaniýa dünýäniň uly möçberde meşhur çakyr önümlerini şeýlede zeýtun ýagyny öndürijileriniň biridir.
Selbi ANNAMURADOWA,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.