Göwün küýsegi

Şygyr bäsleşigine: Goý, sag bolsun!

05-06-2021 / 19

Goý sag bolsun bize badak salýanlar,

Kim jan çekse goýmak üçin zyýana,

Beýik maksatlara böwet bolýanlar,

Ynjytmana at salýanlar bu ýana.

*****

Wah bir zady bilse-di şol adamlar,

Iň bolmanda düşünseler çalaja,

Ykbalda neneňsi orun tutýanyn,

Öýke, hasrat sazlaşanda bileje…

*****

Ýitirip görmese göwün eger-de,

Ömrüň beren bagtyn ölçesin, nädip,

Göwün çyny bilen ynjydylmasa,

Bilmez hak söýginiň tagamyn dadyp.

*****

Şu mähriban gazaplylar bolmasa,

Nädip ösjek, paýhaslanjak, biz pahyr?!

Şolaryň döredýän päsgeli bilen,

Ýagtylyga, ýagşylyga ýugrulan,

Müňläp täze pikir döreýär ahyr.

*****

Men muny ýüz kere gaýtalap diýýän,

Sizsiz manysy ýok bu ömür ýoluň.

Ýeten, ýetjek menzillerme şärikli,

Mähriban göripler, size sag boluň!

 

Terjime eden: Gülşirin HANOWA, şahyr.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu