Habarlar

Türkmenistan-ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar

05-06-2021 / 24

1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasy bir ses bilen ýaňy öz Garaşsyzlygyny gazanan ýaş Türkmenistan döwletimizi öz düzümine kabul etdi. Garaşsyz döwletimiziň iň iri halkara Guramasyna girmegi goja taryhly türkmen halkynyň Adamzat ösüşlerine goşan ägirt goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilendigini iş ýüzünde tassyklady.

Bu halkara forumyň doly hukukly agzasy bolmak bilen Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine goşulmaga hem-de halkara gatnaşyklarynda ygtybarly hyzmatdaşa öwrülmegi başardy. BMG bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda onuň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

ÝUNESKO- bilim, ylym we medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ymtylýan halkara guramadyr.
Bu halkara guramasy 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi.

UNESCO bu iňlisçe “United Nations Educational, Scientific and Cultural Organization” diýmekdir we ol rusça «Образовательная, Научная и Культурная Организация при ООН», türkmençe «BMG-niň bilim, ylym, we medeniýet boýunça edarasy» diýmekdir.
Häzirki wagtda 195 döwlet bu Guramanyň agzasy bolup durýar. Şeýle hem 2 döwlet gözegçi we 10 döwlet hem assosirlenen agza hökmünde ÝUNESKO-nyň düzümine girýär.
ÝUNESKO-nyň baş edarasy Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýär. Mundan başga-da, dünýäniň 5 sany yklymynda: Afrikada, Arap döwletleri Ligasynda, Aziýa we Ýuwaş ummanda, Ýewropa we Demirgazyk Amerikada, Latyn Amerikasy hem-de Karib basseýni ýurtlarynda ÝUNESKO-nyň klaster edaralary (territorial) ýerleşýär.

ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýa sebitindäki edaralary Tähran we Almaty şäherlerinde ýerleşýär. ÝUNESKO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri bu Guramanyň Tährandaky (Eýran Yslam Respublikasy) klaster edarasy tarapyndan utgaşdyrylýar.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy we geçen soňky 28 ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň ýardamy we goldawy bilen ýurdumyzyň milli medeni mirasyny öwrenmek, dikeltmek hem-de olary Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak babatynda birnäçe bilelikdäki anyk işleri amala aşyrdy.

Şu ýerde biz ilki bilen “Maddy” we “Maddy däl” medeni miras barada durup geçeliň. “Maddy miras” – bu tebigy ýagdaýda ýa-da adamzat tarapyndan döredilen gadymy we taryhy, medeni hem-de tebigy ýadygärliklerdir. Olar Bütindünýä mirasy diýlip atlandyrylýar. 1994-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä medeni we tebigy baýlyklary goramak baradaky Konwensiýa goşuldy. Bu hem ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny has hem ösdürmekde uly itergi berdi.
Ýagny, bu Konwensiýanyň çäklerinde, ýurdumyzyň üç sany halkara ähmiýetli taryhy ýadygärlikleri bolan Gadymy Merw galalary, Köneürgenç ýadygärlikleri we Nusaý taryhy toplumy ÝINESKO-nyň medeni mirasynyň düzümine girizildi.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň maddy däl taryhy we medeni mirasyny goramak we dikeltmek baradaky işler has ileri tutulýar. Bu ugurda hem soňky ýyllarda birnäçe anyk netijeler gazanyldy, ýagny, 2015-nji ýylda türkmeniň Görogly şadessany, 2017-nji ýylda Küşdepdi aýdym-tans sungaty we 2020-nji ýylda hem halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.

2009-njy ýylda Hormatly Prezidentimize ÝUNESKO bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmekde, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny ösdürmekde bitiren çäksiz hyzmaty üçin bu Gurama tarapyndan Ibn Sina adyndaky halkara altyn medalyň berilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda aýratyn bir sahypany açdy we bu hyzmatdaşlygyň göwrümini täze ugurlar arkaly giňetmäge uly mümkinçilikleri döretdi.
2013-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna 4 ýyl möhlet bilen saýlandy. Bu hem biziň döwletimiziň halkara giňişligindäki eýeleýän mynasyp ornuny has hem beýgelden wakalaryň biri boldy.
Häzirki wagta Türkmenistan bu Guramanyň Okenografiýa döwletara komissiýasynyň hem-de sport baradaky döwletara komitetiniň agzasy bolup durýar.
Şeýle hem biziň ýurdumyz Ýewropa bilelşigi we ÝUNESKO tarapyndan öňe sürlen “Beýik Ýüpek ýolunyň geçelgesi” atly üç ýyllyk köptaraplaýyn taslamany durmuşa geçirmäge Owganystan, Eýran hem-de Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlar bilen bilelikde işjeň gatnaşýar.

Häzirki zaman emele gelen şertleriň çäklerinde Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygan laýyklykda ikitaraplaýyn onlaýn formatda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň we maslahatlaryň netijesinde türkmen tarapy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny öňe sürdi.

Ýagny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş direktory hanym Odre Ozule we bu Guramanyň Tährandaky Klaster edarasynyň ýolbaşçysy Swetan Swetkowski bilen geçiren wideo gepleşikleriniň dowamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda sanly tehnologiýa, maglumat-seljeriş, suw serişdelerini dolandyrmak, sport we syýahatçylyk ýaly täze ugurlar arkaly anyk ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu wezipeleri anyk iş ýüzünde ýerine ýetirmek babatynda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň isi barada Milli toparynyň hem-de onuň ýerine ýetirji düzümi bolan Sekretariatyň işini has hem işjeňleşdirmek maksady bilen Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň oktaýbr aýynda özüniň ýörite karary bilen Milli toparyň täze düzümini we onuň Düzgünnamasyny tassyklady. Şol bir wagtda Milli Liderimiz bu toparyň we onuň Sekretariatynyň öňünde iňňän jogapkärli wezipeleri goýdy we degişli tabşyryklary berdi.
Galyberse-de, Milli toparyň geçen ýylyň noýabrynda we şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen 1-2-nji mejlislerinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriniň ylalaşygy hem-de 2021-nji ýylda ýurdumyyň içinde bu ugurda geçirilmeli ýakyn geljekdäki işleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylyp anyk wezipeler goýuldy.

Elbetde, häzirki wagtda Milli toparyň hem-de onuň Sekretariatynyň öňünde uly göwrümli, köptaraplaýyn işleri anyk ugurlar we anyk netijeler arkaly alyp barmak ýaly berk talaplar durýar.
Şuňa laýyklykda, Milli toparyň Sekretariaty häzirki wagtda ýurdumyzyň degişli pudaklary bilen bilelikde taryhy, medeni we tebigy gymmatlyklarymyzy Adamzadyň medeni mirasynyň nusgalyk sanawyna girizmek üçin dürli ugurlar boýunça 13 sany milli we 3 sany köptaräplaýyn täze hödürnamalary taýýarlanmak işleri işjeň ýagdaýda alyp barýar.
Olaryň hatarynda hut şu ýylyň içinde Aşgabat şäherini ÝINESKO-nyň şäherleriň döredijilik ulgamyna girizmek, dutar ýasamak, bagşyçylyk sungaty ýaly türkmen medeniýetiniň gadymy nusgasyny Adamzadyň medeni hazynasynyň sanawyna girizilmek boýunça meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýakyn geljekde Ahalteke atlaryny seýislemek, Alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek, Türkmeniň keçe sungaty, demirçilik senedi, keşdeçilik sungaty, milli türkmen göreşi, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, Garagum we aram guşaklykdaky Turan çöllügi, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Merw sahasy ýaly hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler ýokary taýýarlykly derejede alnyp barylýar.
Meýilnamada Bilim, ylym, sanly tehnologiýa, sport, statistika, suw çeşmelerini dolandyrmak bilen bagly birnäçe işleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýagny, ýurdumyzyň aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda TDIM Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO kafedrasyny döretmek, käbir orta mekdepleri ÝUNESKO-nyň mekdepler Bileleşginiň düzmine girizmek ýaly işleri bilelikde maslahatlasyp durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem görnükli türkmen şahyry we Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllyk ýubileýini ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllar üçin dabaraly çäreleriň ýyl ýazgysyna girizmek babatynda hem işler garaşýar.

Çynar RÜSTEMOWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu