Habarlar

Welosiped güni

04-06-2021 / 20

3-nji iýunda bütin dünýäde şeýle hem, Türmenistan döwletimizde Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär. Eýýäm, 200-ýyl bäri ulanylýan hem-de ýönekeý, elýeterli, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşi bolan welosipediň adamzat durmuşyndaky orny uly ähmiýete eýe boldy.

Bütindünýä welosiped güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça degişli Rezolýusiýa bilen bellenildi. Dünýäniň 56 döwleti bu Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş edýär.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda hem bu halkara baýram aýratyn ruhubelentlige beslenýär. Düýn şanly sene mynasybetli medeni-jemgyýetçilik, bedenterbiýe-sport mazmunly çäreler, welosipedli ýaryşlar, ýörite sergilerdir döredijilik bäsleşikleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi. Welosiped sporty bütin dünýäde giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportyň has meşhur görnüşleriniň biridir. 

 

Bägül WELKAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu