Göwün küýsegi

Ejeňize til kakyň!

02-06-2021 / 20

Awtory: Orazmyrat MYRADOW. 

 

Gije sagat 12 bolmaga bäş-alty minut galanda sms geldi: «Häzir sagat 12 bolar welin ejeňe jaň et-de, doglan güni bilen gutla, aglap otyr!» Bu habaryň maňa ýalňyşlyk bilen ugradylandygyna meniň bada-bat akylym çatdy. Çatsa-da çatdy welin, bu habaryň döreden pikirlerinden ýaňa kelläm çatlap ýarylara geldi. Telefon belgisindäki haýsydyr bir sany ýalňyş ýazylanlygy sebäpli, ýalňyş salga baryp gowşan habar, göýä diýersiň, näbelli bir güýç tarapyndan iňňän dogry salga ýollanan ýaly boldy. Eger-de bu habar häzir ähli adamzada ýollanan bolsa, gör, nähili oňat bolardy! Eneler begençden ýaňa uçaýjak bolardy. Ençeme eneler bolsa… ýok, bakyýa göç eýlän eneleriň ruhy bolsa şat bolardy. Men bu habaryň ähli adamzada ýollanan bolanda, juda gowy boljaklygy hakynda oýlanyp, hyýala çümüp oturmakden peýda bolmajagyna magat gözüm ýetensoň, «Ýeri, bu hyýalyň hakykata aýlanmagy üçin sen näme etdiň?» diýip, özüme sowal berdim. «Belki, seniň hem bu habary birnäçe, has dogrusy, ençeme adama ýetirip biljekligiň üçin ol hut saňa gelendir» diýip içimden bir ses — özüm özüme jogap gaýtardy. Derrew galama ýapyşdym, ýok, bu leji çykan, edebiýatda köp gaýtalanan pikir bolansoň, menem ulanaýdym, kompýuterimi açdym-da, ýazmaga başladym…

Ejeňize til kakyň! Doglan güni bolsa, ony doglan güni bilen gutlaň. Sebäbi şol gün bolmadyk bolsa, onda sizem bolmazdyňyz. Onuň halyndan habar alyň. Agzyňyzdan süýt ysy gitmedik bäbekkäňiz, «iňňäläp», ukusyny harama çykaranlygyňyz üçin ötünç soraň. Şonda ol ýylgyrar. Siziň bäbek halyňyzdaky pursada dolanyp baran ýaly bolar. Sizi akja arlykda ýatan päkize guşjagaz hökmünde alkyşlar. Oňarsaňyz-a ýanyna baryp aýdyň aýtjak sözleriňizi hem-de onuň alkyşlaryny nagt alyň…

Ejeňize til kakyň! Ese-boýa galyp ugran wagtlaryňyzda hapalap gelen egin-başyňyzy, dyzanaklap ýyrtan jalbaryňyzy ýuwup-tämizläp, tikip-çatyp, ertire taýýarjak edip goýanlygy üçin, munuň üçin uzynly gijesini gydyrdanyp geçmeli bolanlygy üçin, sag bol aýdyň. Şonda ol sizi eliňizden tutup, ilkinji gezek mekdebe alyp barşyny göz öňüne getirer-de, ýylgyrar, hyýalynda özüniň gaýan akgaýma tahýasyny siziň başyňyza geýdirer-de, «oglum, gyzym» diýip, siziň başyňyzy sypalar. Oňarsaňyz-a şol pursatda aýtmadyk minnetdarlyk sözüňizi ýanyna baryp aýdyň-da, onuň alkyşlaryny nagt alyň…

Ejeňize til kakyň! Belki, ol bu wagt Kerim Gurbannepesowyň «Ýazmasy agyr düşen goşgusyny» okap, oýurganyp, agyr oýlara batyp oturandyr. Belki, hut şu pursat şu ýazgylary okaýandyr-da, perzendiniň şu tymsaldaky Baýazid Bistami ýaly bolmagyny arzuw edýändir: «Baýazid Bistaminiň ejesine goýan hormatyny ýatlalyň. Garry ene aýazly bir gyş gijesinde oýanyp, suw içmek isläpdir. Baýazid görse, suw taňňyry boş eken. Daşaryk ylgap gidip, suw getirýänçä ejesi ýaňadan uka giden eken. Başujunda eli suwly pyýalaly birnäçe sagatlap gözüni gyrpman garaşyp durupdyr. Ýene oýanan ejesine elinde saklap durşuna ýylap giden suwy uzadypdyr. Şol günki alan alkyşy-dogasy Baýazid Bistamini welilik makamyna (derejesine) ýetiripdir».

Oňa mähremligiňizi duýduryň. Mekdepde, institutda käte mugallymlaryňyzyň öňünde ýüzüni gyzartmaly bolanlygyňyz üçin ondan ötünç soraň. Şonda ol siziň orta bilim hakyndaky şahadatnama, ýokary bilim alanlygyňyz baradaky diplom alyp gelen pursadyňyzy ýatlap, size guwanar, buýsanar. Oňarsaňyz-a ýanyna baryp aýdyň aýtjak sözleriňizi hem-de onuň alkyşlaryny nagt alyň…

Ejeňize til kakyň! Hawa, meňk-ä bir ýatlatmak. Entek giç dälkä til kakyň! Oňarsaňyz-a ýanyna baryp aýdyň aýtjak sözleriňizi hem-de onuň alkyşlaryny nagt alyň… Ine, meselem, mende sizde bar bolan bu artykmaçlyk ýok. Men şol hukukdan mahrum. Men diňe her anna agşamy — şu agşam edişim ýaly, ejemiň… ruhuna bagyşlap aýat okaýan. Meň ýagdaýymda bolsaňyz, onda, hiç bolmanda, sizem şeýle ediň. Şonda onuň ruhy tirsegine galar.

Ejeňize…

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu