Düýn Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegine bagyşlanan ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi başlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Söwda toplumynda guralan bu sergide, esasan, gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan, öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanýan türkmeniň esasy gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan halylarymyz görkezildi, şeýle-de türkmen telekeçileri özleriniň önümlerini we öz ugurlaryndaky iň soňky innowasiýalary hödürlediler.
Dogrudan hem, bu sergidäki her bir haly we haly önümi meşhur wenger syýahatçysy Arminiý Wamberiniň “…Reňkleriň haýran galaýmaly arassalygyndan, matasynyň berkliginden başga-da, bu göçüp-gonup ýören ýarym wagşy zenanlaryň şekilleriň simmetriýasyny saklamak başarnyklary hem inçeden duýuşlary ýewropalylaryň gaty köpüsine „aňry otur“ diýdirip biljek…” diýen sözlerine mynasyp bolan türkmen halylarynyň aklyňy haýran edýän sungat eseridigini we onuň gadymy asyrlardan bäri baý maddy medeniýet hasaplanýandygyny subut edýär.
…Sergi juda göze ýakymly. Çünki munda türkmeniň milliligi, gözelligi bar. Sergi zalynda dürli mowzukda pawilýonlar ýerleşdirilen. Biz hem TÜRKMENgazet redaksiýamyzyň agzybir döredijilik topary bilen bilelikde, ilki bilen okyjylarymyzyň isleglerini göz öňünde tutup, ýigitleriň, gerçekleriň egin-eşikleri bilen tanyşdyrmak üçin ýola düşdük. Bu gün sergä gaýybana syýahatymyzda ilkinji söhbetimiz gerçeklerimiz barada bolar.
Ýigitleriň egin-eşigi diýeniňde, ilki bilen ýerli brendimiz bolan “Gala” ýadyňa düşýär. Hakykatdanam, bu kärhananyň önümleri biçüwi bolsun, dizaýny bolsun, reňkleriniň sazlaşygy bolsun, “ýerli brendimiz” diýmäge juda mynasyp. Söhbetdeş bolmak üçin Gökdepäniň Dokma toplumy tarapyndan öndürilýän “Galanyň” pawilýonyna gelenimizde, bizi juda mähirli garşy aldylar. Olar şeýle gürrüň berdiler:
-Ýerli brend bolan “Gala” esasan hem trikotaž matasyndan öndürilýär. Dürli ýaşdaky müşderiler üçin niýetlenen. Ýagny, ýaňy doglan çagadan başlap, uly ýaşdaky müşderiler özüne gerek önümi saýlap alyp bilerler. Bu ýerde döwrebap, milli, dürli biçüwli erkek adamlar üçin niýetlenen egin-eşikler bar. Olar juda göze gelimli. Islendik daşary ýurt brendler bilen rahatlygy, ýakymlylygy, biçüwi boýunça bäsleşip biler.
Häzirki wagtda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen Gökdepäniň Dokma toplumy ýokary kuwwatly, döwrebap enjamlary bilen ornaşdyrylan. Ýakynda fabrige 100 sany tikin enjamy ýerleşdirildi.
“Gala” haryt nyşanly egin-eşikler paýtagtymyzda ýerli dükanlarynda dürli görnüşleri bar. Önümçiligiň gerimi giňeýär. Satuwa çykarylan önümleriň görnüşleri we sany hem yzygiderli artýar.
Redaktordan: Hakykatdanam, mähribanlar, bu ýerli brendiň önümleri juda endamyňa ýakymly, oňaýly, şol sanda biçüwi hem diýseň ýerlikli. Ýerli dizaýnerlerimiz diýseň işinde kämilleşipdir. Çünki bu öndürilýän önümler bu günki gün uly meşhurlyga eýe. Halkymyz bu egin-eşikleri buýsanyp geýýär. Çünki “Gala” türkmeniň ýerli brendi!
Leýli SAPARGELDIÝEWA,
“TÜRKMENgazet”.