4 ýaşymda: Meniň kakam hemme zady başarýar, ol örän güýçli, gaýduwsyz.
5 ýaşymda: Meniň kakam köp zat bilýär.
6 ýaşymda: Meniň kakam seniň kakaňdan juda akylly.
8 ýaşymda: Meniň kakam görýän welin hemme zady bilenok öýtýän.
10 ýaşymda: Elbetde, kakamyň döwründen bäri köp zat üýtgedi.
12 ýaşymda: Aslyna seretseňä, kakam bu barada hiç zat bilenok. Sebäbi ol, çagalygyny ýatlardan garryrak.
14 ýaşymda: Kakama üns bermesene. Ol köne döwrüň modasynda gezýär.
21 ýaşymda: Olmy? Dostumjan, ol dünýäden yza galana-how.
25 ýaşymda: Kakam bu barada azda-kände bolsa-da bilýändir, sebäbi ol bizden köpräk görendä.
30 ýaşymda: Belki-de biz kakam bilen maslahatlaşarys. Onuň bu tejribesi bize görä köpräkdir.
35 ýaşymda: Kakama maslahat salman hiç zadam etjek däl.
40 ýaşymda: Şuwagt kakam bolsa şu meseläni çözjegini bilýän, ol örän dürs netijeler çykarardy.
50 ýaşymda: Şuwagt kakam bilen maslahatlaşyp bilsedim, şu ýerde bolmagy üçin hemme zadymy bererdim. Wagtynda neneňsi jomart adam bolanyny duýmandyryn. Ol maňa köp zat öwredipdi.
Eger-de kakamyz durmuşda bolsa, käşkä bolsady diýmezden öň gadryny bilip, maslahat salyp ýaşalyň! Olary ynjytmalyň!
Terjime eden: Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.