Göwün küýsegi

ÝALANYŇ ÖMRI GYSGA

30-05-2021 / 25

Bir uniwersitetiň 4 sany talyby synag günlerinden birinde wagtynda turup bilmän ýatyp galypdyrlar. Netijede, olar synaga gijä galypdyrlar we synaga gatnaşyp bilmändirler. Bu talyplar synag gutarandan soň mugallymyň ýanyna barypdyrlar we synaga gatnaşyp bilmedikleriniň sebäbini ,,Synaga gelýärkäk ýolda awtobusuň bir tigiri ýaryldy, şol sebäpli synaga gijä galyp, gatnaşyp bilmedik’’ – diýip, dogrusyny aýtmandyrlar we mugallymdan özleri üçin aýratyn synag tabşyrmaklaryny haýyşt edipdirler. Mugallym hem bu teklibi kabul edipdir we olara 2 günden soň gelmeklerini aýdypdyr.

Aradan 2 gün geçenden soňra 4 sany talyp synag üçin mugallymyň ýanyna gelipdirler. Mugallym bu talyplary synag otagynyň her burçunda birini oturdupdyr. Synagdan geçmek üçin 75 baldan ýokary bal almaly eken. Synagda jemi 5 sany sorag bolupdyr. Bu soraglaryň ilkinji 4 sanysy örän aňsat soraglar bolupdyr we bu soraglar üçin jemi 40 bal berilmeli eken. 5-nji sorag üçin bolsa 60 bal berilýän eken. Ýagny, 5-nji sorag şeýle:

,,AWTOBUSUŇ HAÝSY TIGIRI ÝARYLDY?’’

 

Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu