
Gündelik durmuşda gabat gelýän bu ýagdaý, şübhesiz köp adamlaryň başyna gelen bolsa gerek?!
Bu ýagdaýa “mere exposure effect” diýilýär. Ýagny, gysgaça tanyşlyk ýa-da öwrenişiklik. Bir zady ýa-da adamy näçe köp görseňiz ýa-da eşitseňiz, şonça-da halap başlaýarsyňyz. Bu ýagdaý hem şol täsiriň esasynda döreýär.
Robert Zajongyň 1968-nji ýylda geçiren barlaglarynyň esasynda, adamlarda deň bolmadyk käbir nyşanlaryň bardygyny görkezip, obýekt näçe köp görüldigiçe. şonça-da halanmaga başlanýar diýen netijä gelýär. Meselem, ilkinji diňlänimizde halanmaýan aýdymy yzgiderli diňlemegiň netijesinde söýüp bilersiňiz. Aýdymy ilkinji gezek diňlänimizde : gowy däl, ikinji gezek diňlänimizde: ýaman däl, boljak, üçinji gezek diňlänimizde: gowy diýen ýaly sözler size tanyş bolup biler.
Bu effekt esasan telewizorlarda köp ulanylýar. Kärhanalar reklamalaryny yzgiderli görkezip harytlaryň adamlaryň aňynda galmagyny sazlaýarlar.