Göwün küýsegi

ÝYLGYRYŞ – YNSAN DÜNÝÄSINIŇ GAPYSYDYR

27-05-2021 / 23

Ýylgyryş – bu näme? Ýylgyryş – bu adamyň dogabitdi ukybydyr. Alymlar, bäbek dünýä inen pursadyndan başlap ýylgyrmaga ukyply diýip hasaplaýarlar. Sebäbi bäbekleriň aglaba köpüsi ululardan öwrenmäge ýetişmänkälerem ýylgyryp bilýärler. Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri bäbekleriň oýalykda diňe özlerine jogap hökmünde ýylgyrmaklarynyň mümkinçiligi bar wagtynda ýylgyrýandyklaryny anyklapdyrlar. 

Bu ukyp bolsa diýseň ýokançdyr. Ýylgyrýan adamy görenlerinde adamlaryň aglaba köpüsi biygtyýar ýylgyryp başlaýarlar. Esasanam, zenan maşgalalar we çagalar köp ýylgyrýar. Uly ýaşly adam ortaça bir gije-gündiziň dowamynda 20 gezek ýylgyrýar, çagalar bolsa azyndan 300 sapar ýylgyrýarlar. Orta hasap boýunça adaty zenan maşgala bir günüň dowamynda 62 sapar ýylgyrýar, erkek kişi bolsa 8 gezek. 

Geçirilen barlaglar arkaly zenan maşgalanyň öz çagasynyň ýylgyryşyny görende onuň beýnisiniň adamyň şähdaçyk bolmagyny üpjün edýän dopamin suwuklygyny işläp çykarýan böleginiň has işjeňleşýändigi anyklanypdyr. Şonuň ýaly-da, şeýle ýagdaýyň zenanlarda kesekileriň çagalarynyň ýylgyryşlaryny görenlerinde ýüze çykmaýandygam anyklanypdyr.
        Winskon uniwersitetiniň ylmy işgärleri Ýeriň ýüzünden iň köp ýylgyrýan adamlaryň nirede ýaşaýandyklaryny anyklapdyrlar. Bu seljermä 32 ýurduň ýaşaýjylary gatnaşypdyr. Iň köp ýylgyrýan adamlar hökmünde ABŞ-nyň we Günbatar ýurtlarynyň ilaty kesgitlenipdir. Iň az ýylgyrýan adamlar hökmünde Hytaýyň we Ýaponiýanyň ilaty hasaplanypdyr. 

Alymlaryň pikirine görä, hakyky ýylgyryşy galplaşdyrmak, ýagny çynyň bilen ýasama ýylgyrmak asla mümkin däl diýip hasaplaýarlar. Sebäbi çyndan ýylgyryş dodaklaryň çetjagazlaryny ýokarylygyna galdyrýar, adamyň özi tarapyndan emeli döredilýän ýylgyryş bolsa diňe dodaklary iki taraplygyna dartýar. Onsoňam çyn ýylgyryş ortaça 4 sekunt dowam edýär.
Yzygiderli ýasama ýylgyrmak zerurlygynyň adamyň saglygyna zelel ýetirýändigini, gan basyşynyň ýokarlanmagyna, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybynyň gowşamagyna, göwnüçökgünlige getirýändigini alymlar belleýärler.

Alymlar uzak wagtyň dowamynda tebigatyň janly-jandarlarynyň içinde ýylgyryp bilýän diňe adamdyr öýdüp hasaplapdyrlar. Emma, 1872-nji ýylda Çarlz Darwin özüniň “Adamyň we haýwanlaryň öz duýgularyny beýan edişleri” atly ylmy seljermesinde haýwanlaryňam “ýylgyryşyny” olaryň gulaklarynyň we guýruklarynyň hereketinden, agyzlarynyň açyklyk derejesinden “okap” bolýandygy hakyndaky çaklamany öňe sürüpdir.

Ýylgyryşy ähmiýetini dünýä ýaýmak maksady bilen «State Mutual Life Assurance Company of America» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň sargydy boýunça amerikan suratkeşi Harwi Boll ýylgyrýan sary kökejik – smaýligi çekipdir. Onuň çeken bu smaýligi ilkinji gezek 1963-nji ýylda peýda bolýar. Internetiň üsti bilen giň ýylgyryşly, ýiti sary reňkdäki, tos-togalajyk kökejik şekilli logotip bütin dünýä ýaýraýar. 

Şeýlelik-de dünýäde ýylgyrmak adamy bezeýän zat hökmünde kabul edilýär. Hat-da 4-nji oktýabrda – Bütindünýä ýylgyryş gününiň bellenilmegi hem bu ukybyň ähli ynsanlarda bardygyny görkezýär. Ýylgyrýan ýüzde bolsa nur bardyr!

 

Leýli SAPARGELDIÝEWA. 

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu