Göwün küýsegi

Kitabyň durmuşymyzdaky orny

27-05-2021 / 17

Bize kitapsyz dünýäni göz öňüne getirmek ýeňil däl. Çagalygymyzdan öwrenişen dürli kitaplarymyz biziň öňümizde durmuşyň täsin syrlaryny açyp görkezýär. Kitap iň kyn pursatlarda peýdaly maslahatlary berip, biziň özümize akyl ýetirmegimize ýardam berýär.

Kitabyň esasy wezipesi- asyrlaryň dowamynda toplanan bilimi gorap, olary indiki nesillere ýetirmekdir.Şol sebäpli soňky ýüzýyllykda bilim babatda adamzadyň okgunly ösüşi başa bardy. Ähli döwürlerde hem kitaba mukaddeslik hökmünde garap, oňa gözüň göreji ýaly çemeleşipdirler. Birmahallar heniz çaphana tehnologiýasy döremezinden öň kitap el bilen göçürilipdir, onuň sahabyna altyn çaýylyp, gymmatbaha daşlar bilen bezelipdir. Kitaplar biziň Zemindäki ýaşaýşymyzyň dürli taryhy wakalaryny öz içine alýar. Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösýändigine garamazdan, kitaplar öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Dürli internet sahypalaryndan tapyp okap bolýan elektron kitaplar biziň gündelik durmuşymyzy ýeňilleşdirýär we tizleşdirýär. Ýöne ele alnyp okalýan kagyz kitaplara bildirilýän islegler hem okyjylar köpçüliginiň ünsünden düşenok. Çünki kitaby eliňe alyp onuň her bir sahypasyny aýratyn höwes bilen okamagyň ruhy lezzeti düýbünden başgadyr.

 

 

Gunça Nazarowa

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu