Aşgabat şäheriniň güni hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Arkadagyň ak şäheri – Aşgabat» atly «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk konserti geçirildi. Bu konsert mekdebi tamamlan uçurymlara özboluşly sowgat boldy. Bu konsertde Türkmenistanyň halk artistleriniň hem-de at gazanan artistleriniň we beýleki halypa aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde gözel şäherimiz Aşgabadyň waspyny ýetirýän aýdymlar ýaňlandy.
Ýaşlaryň arasynda tanymallyga eýe bolan ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdymlar bolsa özbaşdak durmuşa gadam basmagyň begenjine, umytlara hem-de täze sepgitlere ymtylýan uçurymlar üçin özboluşly sowgat boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylynda uçurym bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlar üçin bu waka ýatdan çykmajak waka boldy.
Konsert tamamlanandan soň, Aşgabadyň 140 ýyllygyna hem-de “Soňky jaň” dabarasyna bagyşlanan ajaýyp feýerwerk paýtagtymyzyň agşamky asmanyna bezeg berdi.