24-nji maýda Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara sergisi öz işine başlady. Halkara ähmiýetli bolan bu sergi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr.
Sergide milli we daşary ýurt kärhanalarynyň 80-e golaýy özleriniň önümlerini görkezýär. Olar merjen şäherimiz Aşgabadyň dürli pudaklarda senagat, medeniýet, ylym-bilim, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady ösüşlerini we ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezýär.
Güneşli ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallarynyň saýasynda uly we kiçi telekeçiligiň ösmegine giň ýol açyldy. Bu giň mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen telekeçileri bolsa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli hem-de amatly harytlaryň birnäçesiniň önümçiligini ýola goýup, eziz Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Ine, şeýle kärhanalaryň biri hökmünde “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini görkezmek bolar.
“Abadan haly” hojalyk jemgyýeti hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde 2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda açylyp ulanylmaga berildi. Öndürilýän haly we haly önümleriniň esasy çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýan türkmen polipropileni bolup durýar. Haly kärhanasyna ornaşdyrylan enjamlar Türkiýäniň, Belgiýäniň, Germaniýanyň iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Kärhanada 700-e golaý işgär zähmet çekýär. Olaryň aglaba bölegi türkmen ýaş hünärmenleri bolup durýar. Önümçilik gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar. Önümçilik kuwwaty barada aýdanymyzda 2020-nji ýylda 3 000 000 inedördül metr haly we haly önümleri, şeýle hem polipropilen multifilament ýüplikleriniň 5 000 000 kg öndürildi. Kärhana geljekki ýyllarda ondan hem gowrak önüm öndürmek meýilleşdirilýär. Bu görkezijiler bolsa ýurdumyzyň içerki bazaryň haly önümine bolan talabyny doly kanagatlandyrmaga ukyplydygyny doly suratda aýan edýär.
Häzirki wagtda kärhana diňe içerki bazarda hereket etmän, eýsem öndürilýän önümler daşary ýurtlara: Özbegistan, Gazagystan, Azerbeýjan, Türkiýe, Owganystan yslam respublikalaryna eksport söwdalary edilýär. Mundan başga-da, daşary ýurtlarda geçirlýän halkara sergilerine gatnaşyp birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Kärhana gelejekde eksport söwdalarynyň has-da gerimini giňeltmek maksady bilen Ýewropa ýurtlaryna Türkmen önümlerini eksport etmekligi maksat edinýär.
Bu haly kärhanasynyň halylarynda, esasanam türkmeniň gadymdan galan milli nagyşlarynyň täzeden öwüşgin çaýylan görnüşlerini görmek bolýar. Şeýle hem şol bir wagtda halylarda ulanylýan täze, döwrebap bezeg we nagyşlar özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Haly önümlerini birnäçe görnüşlerden ybarat bolup, olar sähra, tolkun, abadan, kümüş ýaly atlara bölünýär. Olar özüniň bezeg, nagyş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýarlar. Haly kärhanasynyň ýene bir aýratynlygy bolsaб haly nagyşlarynyň müşderileriň öz isleglerine görä öndürilmegidir. Şeýle hem kärhanada öý, ofis we awtoulag oturgyçlary üçin niýetlenen dürli görnüşli haly önümleri hem öndürilýär.
Mundan başga-da, “Abadan haly” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Amanmyrat Muhammedowyň gürrüň bermegine görä, kärhanada Aziýanyň merjeni bolan gözel paýtagymyzyň 140 ýyllyk toýuna uly taýýarlyk görlüpdir. Kärhanada Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp “Aşgabat – 140 ýyl” atly halyny, şeýle hem ak mermerli şäherimiziň keşbiniň we onuň birnäçe gözel binalarynyň halylara we haly önümlerine siňdirilmegi muny doly suratda äşgär edýär. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen sergide görkezilen haly we haly önümleri özüniň owadanlygy nepisligi bilen tapawutlanýar. Kärhana geljekde hem öz önümleri bilen halkymyzyň isleglerini kanagatlandyryp, gerimini giňeltmegi, şeýle hem milli türkmen önümlerini Ýewropa döwletlerine eksport etmegi göz öňünde tutýar.
Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.