Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy

24-05-2021 / 8

22-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi.

Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiziň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi barha giňelýär. Munuň özi bu ýerlerde ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar hem-de arassa howany üpjün edýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy ýaly wajyp wezipe üstünlikli çözülýär.

Çärä gatnaşyjylaryň arasynda köp sanly ýaşlaryň bolmagy ösüp barýan ýaş nesilleriň okuwlaryny zähmet bilen utgaşdyrmagy, ene topraga, gözel Diýarymyzyň tebigatyna söýginiň kemala getirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýowara gatnaşýan, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, şeýle-de şol ýerde bilim-terbiýe alýan uçurymlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýy, okuwlary bilen gyzyklandy. Uçurymlardan haýsy käriň eýeleri bolaslary gelýändigini, näme arzuw-islegleriniň bardygyny sorady.

Gyzykly söhbetdeşligiň barşynda çagalar döwlet Baştutanymyza özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.

Olaryň her biri milli Liderimize öz ýürek arzuwlary barada aýdyp, kimsi mugallym, kitaphanaçy, kimsi lukman, telekeçi bolaslarynyň gelýändigini gürrüň berdiler. Çagalaryň agramly bölegi kompýuter işleri boýunça hünärmen bolmagy arzuw edýändiklerini aýtdylar. Häzir bu hünäre bolan isleg barha artýar. Okuwçylaryň biri geljekde ökde ykdysatçy bolmak isleýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňdeşligi dowam etdirip, “Bir okana bar, bir dokana” diýen parasatly atalar sözüni mysal getirdi. Milli Liderimiz çagalara bu jümläniň manysyny düşündirmek bilen, okap bilim almagyň, şonuň bilen birlikde-de, hünär öwrenmegiň ynsan durmuşynyň mazmunyny açyp görkezýändigini nygtady.

Milli Liderimiz ýaşlara atalyk nesihatlaryny bermek bilen, döwletimiziň olara her bir asylly başlangyçlarynda hem-de ýüreklerinde beslän arzuwlaryna ýetmekde hemişe goldaw berjekdigini we alada etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki çärä gatnaşyjylara — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de ýurdumyzyň bilim ministrine ýüzlenip, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almagy, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmekleri bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwletliler köşgüniň okuwçylarynyň biri milli Liderimize öz ýazan goşgusyny buýsanç bilen okap berdi:

 

Joşýar, göwnümiz joşýar

Eziz Arkadag bilen.

Toýlar toýa ulaşýar

Eziz Arkadag bilen.

*****

Topragy tylla Watan,

Erteki ylla Watan,

Kalbymyzda aýdym sen.

Şygyr sen dilde, Watan!

*****

Aşgabadym — ak bagtym,

Ýüz kyrk ýaşly paýtagtym,

Aýdyň ýolly geljegi,

Aziýanyň merjeni.

*****

Öňe, öňe jan Watan,

Eziz, mähriban Watan!

Bagtyýar ömrümize

Şirin-şerbetin gatan!

*****

Sag bol, eziz Arkadag!

Sag bol, eziz Howandar!

Siziň bilen hemişe

Bagtyýar biz, bagtyýar!

 

Soňra hormatly Prezidentimiziň adyndan Döwletliler köşgüniň okuwçylaryna ajaýyp sowgatlar gowşuryldy. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzy has-da ösdürmegiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Ählihalk ýowary bu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu