Kämilligiň hem-de rowaçlygyň şäheri bolan Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynyň şäherleri bilen dostana hem-de doganlyk gatnaşyklaryny saklaýar.
Aslynda doganlaşan şäherler näme?! Doganlaşan şäherler – bu bir-biregiň halklarynyň ýaşaýyş-durmuşy, taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen dürli ulgamlarda, ýagny sportda, ylym-bilimde, medeniýetde we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlykda bolýan şäherlerdir. Bu şäherleriň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklarda medeniýet-sungat ussatlarynyň çykyşlary, kino hem-de teatr oýunlarynyň görkezilişi, sport we ylym-bilim boýunça maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilip durulýar. Taryhy maglumatlara görä, 1957-nji ýylyň 28-nji aprelinde doganlaşan şäherleriň Bütindünýä guramasy Fransiýanyň Eks-le-Ben şäherinde döredildi. Şol guramanyň teklibi bilen, 1962-nji ýylda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bütindünýä doganlaşan şäherleriň gününi bellemek hakynda karar kabul edildi.
Merjen şäherimiz Aşgabadyň hem dünýäniň dürli künjeginde doganlaşan şäherleri bar. 1974-nji ýylda Mali döwletiniň paýtagty Bomako şäheri bilen, 1990-njy ýylda ABŞ-nyň Albukerke şäheri bilen, 2017-nji ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri bilen şeýle gatnaşyklary ýola goýdy. Şeýle-de dürli ýyllarda ýola goýlan Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheri, Türkiýäniň paýtagty Ankara şäheri, Hytaýyň Lançjou şäheri, Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheri, Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheri bilen doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ak şäherimiz Aşgabadyň doganlaşan şäherleriniň sany ýyl geçdikçe barha-da artýar.
Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.