Singapuryň botanika bagy özüniň köp görnüşliligi, kaşaň hem-de täsinligi bilen tapawutlanýar. Bu baga guralan gezelenç Singapurda ýatdan çykmajak dynç alşyň bir bölegidir. Botanika bagy şäheriň golaýynda, 52 gektar meýdanda ýerleşýär. Gözellik söýüjiler bu ýerde açyk asmanyň astyndaky zenjebil hem-de palma jülgesini, guwly köli, orhideýalaryň ajaýyp toplumyny synlap bilerler. Bu botanika bagy 1822-nji ýylda döredilip, ilkibaşda hoz, kakao, ýorunja ýaly ykdysady taýdan girdejili baglary hem-de ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin döredilipdir. Şunlukda bu ýer gysga wagtyň içinde üýtgeşik köpdürlilige eýe bolan botanika bagyna öwrüldi. Häzirki wagtda ýaşy 200 ýyla golaý bu ajaýyp ýere dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň uly topary gelýär. Bagyň esasy buýsanjy hem-de bir bölegi bolan, her ýylda 1,5 mln gowrak syýahatçynyň gelýän ýeri bolan – Milli orhideýa bagydyr. Milli orhideýa bagy 1995-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda açyldy. Onuň tutýan meýdany 3 gektara golaýdyr. Singapurda orhideýa – döwlet nyşany bolup, kanun tarapyndan goralyp saklanýar. Häzirki wagtda bu bag dünýädäki iň uly orhideýa ýygyndysyny özünde saklaýan esasy merkezdir. Seýilgähde olaryň 400 görnüşi hem-de 2000-den gowrak gibridi bar. Ilkibaşda orhideýalar botanika bagyna ýurduň ösümlik dünýäsini öwrenmek maksady bilen getirilip, soňlugy bilen ol özüniň bir-birinden ajaýyp orhideýa görnüşleri bilen uly meşhurlyga eýe boldy. Şeýle-de bu seýilgähde döredilen täze gibrid görnüşlerine dünýä meşhur adamlaryň, tanymal şahsyýetleriň hem ady berildi. Seýilgähiň “Cool house” atly bölegi ýörite aýna materialdan ýasalyp, onda sowuk howaly ýurtlardan getirilen orhideýalar ösdürilýär. Ondaky howanyň temperaturasy hem-de ýagtylyk derejesi gülleriň tebigy ösýän şertlerine laýyk gelýär. Bromeliýalar bagy – bu bölekde 300-den gowrak görnüş, 500-e golaý gibrid ösdürilýär. Ýagny ananas, ehmeýa, tillands ýaly görnüşler bar.
Orhideýa seýilgähi 4 bölege bölünýär. Her bölümde dört aýratyn reňk zolagy, ýagny her pasyla görä orhideýalar ýerleşdirilen. “Bahar” böleginde açyk, altynsow sary öwüşginli güller, “tomus” zonasynda gyzyl, gülgüne reňkli güller, “güýz” zonasynda mämişi, doýgun reňkli güller, “gyş” zonasynda ak, açyk gök reňkli güller ösdürilýär. Şeýle-de bu ýerde ösýän orhideýalar ösüş aýratynlygy boýunça epifit (beýleki ösümlikleriň üstünde ösýän), ýerüsti hem-de çyrmaşýan görnüşde ösýän toparlara bölünýär. Şeýle ajaýyp, köp görnüşli orhideýalaryň ýerleşen seýilgähinde nähili jadylaýjy, ýakymly ysyň bardygyny göz öňüne getirmek hem mümkin däl.
Seýilgähe diňe bir gezelenç üçin däl-de, ylmy gyzyklanma bilen meşgul bolýanlar üçin hem botanika we bagbançylyk boýunça kitaphana bar. Onda iňlis dilinde köp sanly kitaplar we döwürleýin neşirler saklanýar. Kitaphanada 100 müňden gowrak ösümlik nusgalaryny we olaryň beýanyny öz içine alýan gerbariý toplumy hem ýerleşýär.
Bellemeli zatlaryň ýene biri-de, bu ýerde hereket edýän ýörite dükanda ýadygärlik hem-de sowgatlyk hökmünde satylýan orhideýa şekili berlen senenamalar, gap-gaçlar, bezeg önümleri, altyn çaýylan orhideýa güli, şahajygy we ş.m önümler ýerleşdirilendir. Bu bolsa seýilgähiň iň bir ýatdagalyjy, has-da gelim-gidimli ýer bolmagyna itergi berýär.
Maýsa ANNAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.