Habarlar

Üns beriň: Bosagada täze möwsüm!

23-05-2021 / 11

Tomusky dynç alyş möwsümi barha golaýlaýar. Türkmenistan gazetinde bellenilşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler. Awa­za­da dynç al­ma­gyň ter­ti­bi ba­ra­da aşak­da­ky­la­ry ýat­lad­ýa­rys:

  • Raýatlar dynç alşa gitmezinden öň, ýollamanama alandan soň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite ýerlerde (Saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym almaly. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy netijesinde, häzirki wagtda sanjymlaryň Russiýa Federasiýasyndan 3 hem-de HHR-den 2 görnüşi getirildi.
  • Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini hem-de soň­ky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden, şeýle-de koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçirilendigini tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soň­ky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy barada resminama alarlar.
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrlikleri we pudak edaralary zolagyň çäginde ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlara ýollamanama bererler.
  • Tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan goşmaça gatnawlar ýola goýlar.
  • Welaýatlardan we Aşgabat şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyz üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
  • Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlary açylar.
  • Dynç alýan raýatlara söwda hyzmaty «Awaza» söwda merkezinde ýola goýlar.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu