Habarlar

50 ýyllyk dymyşlyk

22-05-2021 / 11

Türkmen dili sapagynda antonimleri we sinonimleri öwrenen mahalymyz olaryň bir-birinden parhyna kän bir ünsem bermändiris. Hemmesini ýüzugra ýat tutup, mugallymdan 5-lik alypdyrys. Emma durmuşda olary ýerli-ýerinde ulanyp, baha almak aňsat däl. Zeminiň bir künjünde durmuşyň ýüzüňi kesip gelýän aýazly howadanam beter eýmendirýän wakalary, ýene bir künjünde höküm sürýän alasarmyk duýgulary bir ýana goýsaň, parahatçylyk we asudalyk atly kitabyň gaty açylýar. Şol kitap bolsa Türkmenistan, ýagny Garaşsyz, baky Bitarap Türkmen döwleti diýip atlandyrylýar. Bu gün dünýä ýüzi bu sözüň parahatçylygyň sinonimidigini bilýär.

Bu günki gün Türkmenistan Watanymyz parahatçylygyň, durnuklylygyň, abadançylygyň gülläp ösýän mekany hökmünde adyny-owazasyny Ýer ýüzüne jar eden döwletleriň biridir. Şonuň üçin «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýen şygary hemra edinip, 2021-nji ýyla gadam goýduk. Bu ýerde biz Türkmenistan diýlende parahatçylygyň we gülläp ösüşiň sinonimini gözlemäge hajat ýokdugyna buýsanýarys. Sebäbi häzirki wagtda adamlar Türkmenistan diýilse durnukly ösüşlere düşünýärler.

Çünki Türkmenistan diýmek — parahatçylygyň Watan tutunan ýurdy diýmek. Türkmenistan diýmek — agzybirlik we jebislik diýmek. Bu gymmatlyklaryň jemlenen ýurdy bolsa jenneti mekana öwrülen ajaýyp bir Diýar diýmekdir. Şol Diýara bolsa Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan diýilýändigi bu gün jümleýi äleme mälimdir.

Aýlary aýlara meňzemeýän, ýyllary ýyllardan tapawutlanýan Türkmenistan Watanymyzda 2020-nji ýylda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy we asudalygy wagyz eden bolsak, 2021-nji ýylda milli Liderimiziň baştutanlygynda gazanan gymmatly baýlygymyz bolan asudalygy we parahatçylygy dabaralandyrmaga sary ugur aldyk.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda we beýleki jeňlerde «Watan» diýip döş geren edermen ata-babalarymyz öz nebereleriniň parahat we asuda ýurtda ýaşamagynyň hatyrasyna serden geçdiler. Bagtyýar nesiller bu hakykaty ýow güni hem, toý güni hem elmydama kalplarynyň töründe sakladylar. Watan goran edermen atalaryň ýörelgesine wepaly bolan Gahryman Arkadagymyz turuwbaşdan Bitaraplyk ýörelgelerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde häsiýetlendirdi. Çünki biragyzdan döwlet baştutanlygyna saýlanyp, öz halkyny täze belentliklere sary äkitmek paýyna düşen milli Liderimiz bagtyň we bagtyýarlygyň diňe parahatçylygyň höküm sürýän mekanynda ýurt tutunýandygyny hemmelerden oňat bilýär. Şonuň üçin hem türkmen halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döretmek we gurmak bagtyna eýe boldy.

Bu bagtyýarlygyň aňyrsynda atalarymyzyň şan-şöhrata beslenen ömür ýoly ýatyr. Onda türkmen halkynyň däbe öwrülen parahatçylyksöýüjilikli syýasaty ýatyr. Adamzady synaga we aldym-berdime salan jahan jeňleriniň soňkusynyň tamamlananyna 70 ýyldan gowrak wagt geçdi. Geçen asyrdaky jeňleri seljerýän we ýitgileri öwrenýän bilermenler ikinji jahan urşunda pida bolan adamlaryň her biri üçin 1 minut dymyşlyk yglan etmeli bolsa, azyndan 50 ýyllap dymmaly boljakdygyny hasaplapdyrlar. Emma ynsanyýet dymmak arkaly däl, eýsem doganlyk-dostluk ýollaryny çar ýana uzaltmak bilen parahatçylyk ýörelgelerini dowamata ýetirip boljakdygyna berk ynanýar. Şol ynam hem adamzady jebisleşdirýär we dostlaşdyrýar.

Dostluk isläne dostluk, doganlyk isläne doganlyk goluny uzadyp, jümle-jahana pür-pudak ýaýradan we bütin dünýä parahatçylyk ýörelgelerini ýaýmakda görelde we nusga bolýan Türkmen döwletiniň milli Lideriniň taýsyz tagallalary bilen parahatçylyk we ynamdarlyk asuda durmuşyň aýrylmaz berk sütüni hökmünde hakydalarda orun alýar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen türkmen halky «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna uly buýsanç we ynam bilen gadam goýdy.

 

Awtory: Hojaberdi APBAÝEW.

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu