2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň döredijilik zehininiň miwesi bolan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäherini giňden wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak, şeýle-de ýaşlary sanly ulgamda wagyz etmäge işjeň çekmek, internet torlaryny netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş waspçylarynyň arasynda yglan edilen «Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik 4 ugur boýunça geçirilip, onda ýaşlar makala ýazmak, goşgy düzmek, nakgaşçylyk, fotosurat ugry boýunça özara güýç synanyşdylar. ÝEŇIJILER:
Makala ýazmak ugry boýunça:
1-nji orna – Ogulnyýaz Allaberdiýewa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
2-nji orna – Sona Halykowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
3-nji orna – Döwran Gullyýew, Mary welaýatynyň Serhetabat etrap häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň pasportçysy, hukukçy.
3-nji orna – Mekan Ataballyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 2-nji ýyl harby talyby.
Goşgy ýazmak ugry boýunça:
1-nji orna – Myratgeldi Hallyýew, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, starşina. «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň uly tehnigi.
2-nji orna – Aýmyrat Hudaýberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
3-nji orna –Bagtygül Ernazarowa, Türkmenistanyň Inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Fotosuratçylyk ugry boýunça:
1-nji orna – Hoşgeldi Garajaýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
2-nji orna – Şükür Şamyýew,Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
3-nji orna – Atamurat Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Nakgaşçylyk ugry boýunça:
1-nji orna – Azada Kutlymyradowa
2-nji orna – Arslan Kakaýewa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrma fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
3-nji orna – Aýlar Welmyradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.