TÄSIRLI SÖZLER
Magtymguly gylyjy söz bilen deňeşdiripdir. Ol müňlerçe we müňlerçe gezek mamladyr: onuň täsirli sözleri asyrlar boýy saklanyp galdy. Häzirki wagtda men şol sözleri Şekspiriň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen, beýik ukrain kobzary Taras Şewçenkonyň döredijiligi bilen hakly deňeşdirip bilerin.
I.Draç
***
AJAÝYP EDEBIÝAT
Türkmenleriň klassyky edebiýaty Gündogaryň beýik edebiýatynyň pudagydyr. Bu ajaýyp edebiýatda diňe Magtymgulynyň adyny tutmaklyk-da ýeterlikdir.
Ý.Oleşa
***
TÜRKMEN KOWUMYNYŇ TARYHY
Magtymgulynyň diwany türkmen kowumynyň jemgyýetçilik ýagdaýydyr we taryhydyr.
Ahmet Alemi
***
PIKIRDEŞLER
Watanyň ykbaly hakynda çyn ýürekden ejir çekmekde türkmen klassygy Magtymguly beýik wenger şahyry Şandor Petefä örän ýakyndyr, ol hem azatlyga we hakykata çagyrypdyr. Olary bölýän taryhy menzile garamazdan, iki halkyň genilerini pikirdeşler diýip jedelsiz atlandyrmak bolar.
Dýarfoş Endre
***
ŞAHYRANA GÜÝÇ BILEN
Doganlyk türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulyny iň gumanistik ideýalary uly şahyrana güýç bilen halkyň göwnüne ornaşdyryp bilenligi üçin söýýärin.
I.Ishak
***
IÇGINLIK
Magtymgulynyň şahsyýetini, durmuşyny içgin seljerenimizde, ol biziň göz öňümizde mugallymyň, filosofyň, demokratyň, gumanistiň, akyldaryň we keramatly adamyň keşbinde peýda bolýar.
Muhammed Ansrullah
***
MUSULMAN ÄLEMINIŇ AKYLDARY
Ylahy yşky wasp ediji beýik türkmen aryfy we şahyry Magtymguly Pyragy külli musulman äleminiň akyldarydyr.
Mehmet Ýuwa
***
ÖWRENERE ZAT KÖP
Men henize çenli şeýle özboluşly we özüniň döredijiligi bilen şeýle geň häsiýetli, şygyrlary çuň manyly şahyra az duşupdym…. Magtymgulynyň döredijiliginde öwrenere zat köp.
Prof. Nowiçenko
***
KÜLLI TÜRKMENIŇ HALYPASY
Gökleň urugynyň gerkez tiresinden bolan Magtymguly külli türkmeniň halypasydyr.
A.N.Samoýlowiç
***
GYZYKLY TEMA
Magtymgulynyň şygyrlarynda söýgi temasy has gyzyklydyr. Onuň bu goşgularynda şahyryň çuňňur söýgi duýgusyny, giň dünýägaraýşyny we söz baýlygyny görmek bolýar.
A.Sogomonýan
***
HALK SÖÝGÜSINIŇ BELENT DEREJESI
Şu gün siziň milli gimniňiz Magtymgulynyň hatyrasyna ýaňlanýandygyna men aýratyn şatdyryn. Munuň özi, meniň düşünişimçe, halk söýgüsiniň ýokary derejedäki ýüze çykmasydyr. Eger men sazanda bolan bolsadym, şu balkona çykardym-da, öz ýurdumyň milli gimnini hem Magtymgulynyň hatyrasy üçin ýerine ýetirerdim.
Jemaletdin Aly
***
BEÝIK SÖZ ÝOK BOLMAÝAR
Magtymguly halk poeziýasynyň fakelini belent tutdy. Fanatikler we nadanlar onuň golýazmasynyň köp sanlysyny ýok etdiler. Emma olar diňe kagyzy ýakdylar – beýik sözi ýok edip bolmaýar.
Nabi Hazri
***
AÝDYŇ AKYL, ÝITI NAZAR
Magtymgulynyň döredijiliginiň belentligi onuň aýdyň akylynyň, laçynyňky ýaly ýiti nazarynyň halk durmuşyna çuňňur aralaşmagyndadyr.
Ş.Beýşenalyýew
Taýýarlan: Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.