Göwün küýsegi

Suratkeşiň hatasy

21-05-2021 / 16

Awtory: Orazmyrat MYRADOW.

Entek özbaşdak kitap okamagy öwrenmänkäm kitaplary özüne ýakyn höwür edinen agam okan kitaplaryndaky täsinlikleri has-da gyzykdyryp gürrüň beredi. Ol käte özüniň toslan ertekipisint wakalaryny-da süýjüdip aýdardy. Gadym dessanlardaky rawylardan peslär ýaly däldi. Onuň aýdýan gürrüňleriniň arasynda wakalaryň iň bir jygba-jygly ýerlerinde öň hiç hili eşidilmedik keşpleriň hem käte zomp edip çykaýmasy bardy. Olaryň käsi soňraky gürrüňlerde hereket edýän esasy keşplere-de öwrülip gidiberýärdi. Meselem: garakulakdan biraz üýtgedilip ýasalan «garamöwlek» sözüni men ilkinji gezek onuň gürrüňlerinden eşidipdim. Ol pişikden ulurak bir jandar hökmünde meniň göz öňümde janlanardy. Iň esasy täsir galdyran keşp bolsa Pilpökgüjeçaljerendi…

Pilpökgüjeçaljeren — mümkin, bu rawynyň öz döreden keşbi hem däldir. Her niçigem bolanda, ol meniň aňymda täsin bir jandar bolup galypdy. Uzak wagtlap öýe köwlenmedik perzendini çagyrmak üçin ilerki depäniň üstüne çykyp: «Pilpökgüjeçaljeren-u-u-u» diýip gygyryp duran ejesi we ejesiniň çagyryşyny eşidip, loňkuldap gelýän Pilpökgüjeçaljeren göz öňümde janlanardy. Ony häzir elimdäki şu galamyň kömegi bilen beýan edip, nähili suratlandyrjagymy hem bilemok. Onuň keşbi indi meniň aňymdan, şemal kowalan buludyň dargaýşy ýaly, sozulyp dagap barýar. Dogry, ondan bäri köp-köp wagt ötdi. Emma ol keşbiň ýoýulmagyna sebäp bolan zat wagt däl-de, bilýäňizmi, näme? Suratkeş, hudožnik…

Kem-kemden men özbaşdak kitap okamagy öwrenip başladym. Ilki-ilkiler suratsyz kitaplar hem köpdi. Soňra bolsa çagalar üçin ýörite suratlar bilen bezelen kitaplaryň sany artyp başlady. Meselem: men öň döw diýilýän mahlugy başgaçarak göz öňüne getirýärdim. Emma «Pakyrdawuk patyşa», «Akpamyk» öýde peýda bolansoň, ol hemmeler üçin umumy bolan anyk keşbe geldi. Men soň öz döwüm bilen kem-kemden hoşlaşdym. Ol hyýalymdaky Kap dagyndan aşyp gitdi öýdýän. Bu hudožnigiň «tagallasydy». Ömür görmedik symrug guşumy hem suratkeşiň görşi ýaly görüp, tanap ugradym. Soň «Böwenjik» peýda boldy. Nädip beýle bolanyna özümem haýran, ýöne hälki Pilpökgüjeçaljerenem kitap Böwenjigine meňzäp ugrady. Soňra ymykly şoňa öwrüldem.

Käte oýlanýaryn: hiç hili suratyny görmedik bolsam, men Böwenjigi nähili göz öňüne getirerdim?! Näçe oýlansam-da, gap bili guşakly, depesinden typyp gaçjak bolup duran tahýaly — multfilmde ýa-da kitapda görenimden başgaça göz öňüme getirip bilmedim.

Adam ogly asla bilmez kesgitläp,

Belli däl: Böwenjik garynmy, kelle.

Eger haýsydyr bir esgini epläp,

Guşansa, guşakdy, oransa, selle…

Ol oýlar maňa şu ýokarky oýnam setiri welin ýazdyrypdy.

«Mus-musuň» «mustapasyny» aýtsam, kitap hyýaly göz öňüne getirişiňi ösdürýär. Taýýar görnüşdäki şekiller bolsa saňa derek pikirlenýän ýaly bolup dur. Olar saňa: «Ynha, jyn-a şeýle, döwem… beýle bolýar» diýip salgy berýär. Aslynda bolsa ol diňe ýeke bir adamyň dünýägörüşi ahyry. Diňe bir suratkeşiň hyýaly göz öňüne getirişiniň miwesi ahbetin. Ulanylmadyk piliň, azalyň poslaýşy ýaly, beýnimiziň hem ulanylmadyk öýjükleri sabyn köpürjikleri deýin eräp gidýän bolsa gerek…

Şeýle bir ýagdaý, megerem, köpimizde bolan bolsa gerek: kimdir biriniň telefon belgisini ýada salmak üçin, bu golaýda göge garap, pikirlenip duranym meniň ýadyma düşenok. Pikirlenmezden, telefonuň bellikler kitapçasyna ýüzlenýän. Öň welin men tanyş-bilişlerimiň ählisiniň diýen ýaly telefon belgisini (şol sanda doglan senelerini) ýatdan bilýärdim. Indi beýle däl. Sebäbi ýan telefonum maňa derek «pikirlenýär». Beýnimdäki bu ýagdaýa jogapkär öýjük bolsa pos-a däl, gemre baglap giden bolsa gerek. Belki-de, sabyn köpürjigi ýaly…

Birinji ýyl talypkam rus edebiýatyndan Larisa Zabiýewna Prokopenko diýen iňňän okumyş mugallym sapak beripdi. Bir gezek men mugallymyň öýde okamagy ýumuş tabşyran eserini okamadym-da, ol eser esasynda düşürilen filmi görüp, sapakda, hamana, şol kitaby okap çykan adam hökmünde özümi alyp barjak boldum. Emma ençe ýyllaryň tejribesini toplan mugallym gahrymanlary suratlandyryşymdan, meniň «haýsy depäni tozadýanlygymy» bilip duran eken. Çünki kitapdaky gahrymanlar mugallymyň aňynda bütinleý başgaça keşpde eken. Men welin şonda, gögele bolamsoň, filmde režissýoryň çeken keşbini üýtgewsiz hakykat hökmünde kabul eden ekenim…

Çagalarym kiçijikkäler erteki okap bermegimi sorardylar. «Aldanan möjegi», «Böwenjigi», ýolbars, möjek, tilki üçüsiniň aw paýlaşyşlary hakdaky ertekini… juda köp gezek okap berendirin. Böwenjigiň öňünden çykanlaryň baryny ýalmap-ýuwduşy hakyndaky sanawajy-ha hasam labyzly okardym. Indi-indi şol owadan suratly «Böwenjik» kitaby göz öňüme gelse, onuň iýen dalajykdyr böwrejigi, gargasydyr ýorgasy… hakda oýlansam, ol doýmaz-dolmaz Böwenjik, göwnüme bolmasa, çagalykda aňymda dörän Pilpökgüjeçaljereni hem lak-luk atyp ötägiden ýaly. Indi men ilerki depä çykyp, «Pilpökgüjeçaljeren-u-u-u» diýip näçe gygyrsam hem, ol asyl-asyl eşitmezem, loňkuldap maňa tarap gaýtmazam…

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu