Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.
Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna has-da ýakynlaşmak maksadyny yzygiderli öňe sürýär. Bu ulgamda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatyndaky ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipe eksport bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine artýan içerki zerurlyklary kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň depginli ösüşi bilen şertlendirilendir.
Zawodyň hünärmenleri bilen söhbetdeşligiň dowamynda benziniň hilini ýokarlandyrmak desgasynda birinji tapgyrda çig benziniň düzüminden metan we etan gazlarynyň bölünip aýrylýandygy, ikinji tapgyrda benzin ergininiň suwuklandyrylan gazy benzinden bölüji enjama gönükdirilýändigi bellenildi. Üçünji tapgyrda benzin ýörite bölüji enjama akdyrylýar hem-de ýeňil benzine we düzüminde durol bolan agyr benzine bölünýär. Bölünen ýeňil benzin ammarlara ugradylýar.
Dördünji tapgyrda durolly agyr benzin iki sany benziniň hilini ýokarlandyrýan enjamlara akdyrylýar we düzümindäki durol derejesi peseldilýär. Netijede, agyr benzin 230 kub metr bolan iki sany çelege goýberilýär. Jemi dört sany çelekdäki ýeňil we agyr benzin ýangyjy geçirijilerden akdyrylanda, akym boýunça garylyp, harytlyk benzin emele gelýär.
Benzini ýörite bölüji enjamda ýeňil we agyr benzin öndürilende ugurdaş önüm hökmünde kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy emele gelýär.
Şeýlelikde, zawodda çykarylýan sintetiki ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar – onda daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri hem, azotly organiki birleşmeler hem bolmaýar. Zawodyň esasy önümi bolan EСО-93 benzini üç sany 18 000 kub metr çelekde saklanylar. Olarda benziniň hilini bir derejede saklamak üçin ýörite sorujy enjamlar hemişe işläp durýar.
Ugurdaş önüm bolan suwuklandyrylan gaz göwrümi 2000 kub metr bolan şar şekilindäki çelekde we kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy 360 kub metr göwrümindäki çelekde saklanylýar.
Ähli taýýar önümleriň çelekleri ýangyna garşy suw we ýörite ergin sepiji geçirijiler bilen gurşalandyr. Taýýar önümleri ýükleýän desgada demir ýol çeleklerine, awtoulaglara benzini ýükleýän, şeýle hem awtoulaglara kadalaşmadyk benzini, kükürtsizlendirilen dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy ýükleýän ulgamlary hereket edýär.
Zawodyň düzümine şeýle hem beýleki desgalaryň birnäçesi, şol sanda önümçilik işinde ulanylýan suwy kabul edýän we arassalaýan desgalar bar. Doly derejede çäge çökündilerinden arassalanan suw ýangyn söndüriş ulgamyna akdyrylýar. Suwuň düzümine zerur bolan himiki serişdeler goşulyp, suw sowadyjy desga akdyrylýar. Suwuň belli bir bölegi bolsa, ion çalşyjylaryndan geçirilip, doly mineralsyz ýagdaýa getirilýär. Mineralsyzlandyrylan suw bug gazanlaryna akdyrylýar.
Kärhananyň çäginde suwy sowadýan desgalaryň ikisi ýerleşýär. Olaryň biri tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän desgalara, ikinjisi bolsa, kömekçi desgalara hyzmat edýär.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we ugurdaş okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Şonuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy üçin ýakyn geljege gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika serişdeleriniň diňe halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilýändigini nygtady. Tebigy gazy geçirijiler arkaly dünýä bazarlaryna ibermek bilen çäklenmän, bu pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledik diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýurdumyz dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Şoňa görä-de, “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümlerini öndürmäge uly ähmiýet berýäris. Bu ugurda taslamalary yzygiderli amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtady.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda şeýle taslamalary daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna durmuşa geçirmek babatda hem zerur bolan syýasy-hukuk, maliýe-ykdysady binýat döredildi. Gyýanlyda tebigy gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürýän Polimer zawody, Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawod guruldy. Şeýle hem uly möçberde tebigy gazy gaýtadan işläp, ECO-93 kysymly benzin öndürýän dünýäde ilkinji bolan şu zawod gurlup ulanmaga berildi.
Bu iri taslamalar türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda örän möhüm taslamalardyr. Bu taslamalar Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýewropa döwletleriniň dünýä belli kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk esasynda durmuşa geçirildi.
Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär. Ýokary hil we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän bu önüm baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny we onuň ýanaşyk ýerlerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işlerini synlady.
Soňra milli Liderimiziň dikuçary paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň esasyny düzýän “Garagum” myhmanhana toplumynyň ýerleşýän ýeriniň üstünden öwrüm etdi. Bu ýerde häzirki zaman seýilgäh toplumy we döwrebap ýerasty geçelgesi bina edilýär.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurluşygy batly depgin bilen dowam edýän “Aşgabat” söwda toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň ähli myhmanhanalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem hyzmatlar ýokary derejede we birkemsiz üpjün ediler, munuň özi türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine kybap gelýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de olaryň uzakmöhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýdir.
Şunuň bilen milli Liderimiziň iş sapary tamamlandy. Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde beýik işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!