Habarlar

Şanly senä bagyşlanan fotožurnalistika bäsleşigi

21-05-2021 / 8

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir güni toýdur – baýramlara beslenýär. Şeýle şanly wakalaryň biri hem Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllyk toýy. Bu mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly çärelere taýýarlyk görülýär.

Biziň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetimizde hem aprel aýynyň 25-den maý aýynyň 5-i aralygynda Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllygyna bagyşlanyp fotožurnalistika bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlaryndan 60-dan gowrak höwesjeň talyplar gatnaşdylar we özleriniň başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň şerti: Aşgabat şäherimiziň gözel keşbini suratlaryň üsti bilen beýan etmeli. Bu bäsleşik 2 derejede alnyp baryldy. I dereje üçin žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplar, II dereje üçin  bolsa ähli hünärleriň talyplaryna gatnaşmaga mümkinçilik döredildi.

I derejeli ýeňijiler:

  1. Näzli Ýagşymyradowa – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
  2. Toýly Muhammetdurdyýew – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
  3. Döwlet Heşdekow – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.

II derejeli ýeňijiler:

  1. Baýnazar Nepesow – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
  2. Atajan Kamyljanow – Türkmenistanyň Energetika institutynyň talyby.
  3. Hurma Çaryýewa – Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň talyby.

Ähli ýeňijilerimiz hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy.

 

 

Aýläle GULLYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu