Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby Türkmen halkynyň ünsüni özüne çekdi. Arkadagymyzyň kitaby 6 bölümden ybarat bolup her bölüminde ynsana ylham berýär. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 25-nji maýynda aklygyň, päkligiň, gözelligiň şäheri bolan Aşgabat şäheriniň güni uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Sanly günlerden bolsa, paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramçylygyny belläris. Ak mermerli şäherimiziň gün-günden gözelleşmegi dünýäni haýrana goýýar. Ömrümizi bahar-ýaza, döwrümizi aýdym-saza, şäherimizi gülzara besleýän mähriban Arkadagymyzyň saýasynda gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň at owazasy, şan şöhraty mundan beýläk-de dünýä dolsun!
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň yhlasynyň, nurana keşbiniň siňmeginiň netijesinde dörän paýtagtymyzy görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Mermer şäherimiziň içinden eriş-argaç bolup geçýän, göni hem owadan şaýollaryň, giň köçeleriň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk, sport, ylym-bilim desgalarynyň, olara bezeg berýän ýaşyl zolaklaryň, ajaýyp seýilgähleriň üpjün edilmegi bilen ýaşamak üçin iň amatly, owadan, parahatçylygyň we asudalygyň, abadanlygyň hem rowaçlygyň şäherine öwrülen Aşgabadymyz bar. Paýtagtmyzda ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlyk», «Bitaraplyk», «Ylham», «Oguz han» seýilgähleri, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi we beýlekiler gözelligine görk goşup, binagärlik düzümini baýlaşdyrýarlar. Aşgabadyň binagärlik keşbinde halkymyzyň ruhy päkligi, ýagşy arzuw-niýetleri şöhlelenýär.
Gözelligiň juwanlar bilen, hyjuwlylygyň ummanlaryň daşgyny bilen bäsleşýär. Gözel şäheri bir gören yşga, düşýär. Aşgabat Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şany, suw çüwdürimleriň, seýilgähleriň, gözelligiň, ak arzuwlaryň, söýginiň, sagdynlygyň, sportuň, medeniýetiň, sungatyň, dost- doganlygyň, parahatçylygyň, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, konferensiýalaryň, sergi-ýarmarkalardyr forumlaryň; döwrebaplygyň milli öwüşginleri bilen bezelen mermer binalaryň, şaýollaryň şäheri, Merkezi Aziýanyň merjeni.
Aşgabady abadanlaşdyrmagyň çäklerinde gök zolaklaryň we tokaýlaryň döredilmegi häzirki zaman durmuşynyň möhüm tapgyryna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň tebigaty goramak, ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara derejede ykrar edilýär. Gözel paýtagtymyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň, bitirilýän beýik işleriň ählisi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kuwwatly ösüşini şöhlelendirýän gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň düýp özeninde adamlaryň abadan we rahat ýaşaýşy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň esasy maksat bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekýär.
Oguljeren SEÝITMYRADOWA
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgäri.