Göwün küýsegi

Ikiçäk söhbet

19-05-2021 / 21

Zarina Moskau (Gazagystan Respublikasy).

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.

(Hekaýa)

Iňrik düşüpdi. Suwdan salkynlyk duýulýardy. Tomsuna adamlardan ýaňa hyň berýän kenarýaka, ýylyň bu möwsüminde boşlawdy.

Kenarda, suwuň gyrat erňeginde bir ýalňyz adamyň sudury görünýärdi. Uzakdan onuň erkek kişidigini ýa aýal maşgaladygyny saýgarmak çetindi. Ýel sebäplimi ýa güýzüň çigrekli salkyn howasy zerarlymy kibtini gysyp, belki-de, durmuşdaky kynçylyklardan ýaňa küýkerip oturan ol adam başyny şeýle bir aşak egipdir welin, edil derýanyň düýbündäki nähilidir bir möhüm zady görmekçi bolýan ýalydy.

Ýakynrak barsaň, kenarýakadaky ýalňyz gonagyň zenandygyny saýgarmak boljakdy. Emma oňa golaýlamaga gyssanýan kişi ýokdy. Kenardan ýokarda, köpriniň üstünde adamlar öz durmuşlary bilen ber-başagaýdylar — işden soň ýyly, ähtimal, o diýen bir ýyly hem bolmadyk maşgala ojaklaryna tarap alňasap barýardylar, öz eýelerine barmaly menziline alyp barýan ýolagçy ulaglar bolsa çasly sesli duýduruşlary berip, bir-birini gyssaýardylar.

Daş keşbinden çen tutsaň, ol zenanda terkidünýälik duýulýardy. Salparan eginlerinden ýaňyrak ýagyp geçen ýagşyň damjalary henizem syrygyp durdy, saçy çem gelşine görä gaňtarylandy, tutuş ýüz keşbinde diňe bir gussa däl-de, hatda lapykeçlik duýlup durdy. Ynsan gözüniň kalp aýnasydygyna ynansaň, onda onuň kalbynda-da, gözlerinde-de eýmendiriji boşluk bardy.

— Öz akymyň bilen akyp ýatyrsyň. Seňki gowy ahbetin, keýpsizligem ýok sende, ne dostuň, ne duşmanyň bar, durmuş hakda-da oýlanmak aladaň ýok. Ine, sen bar, bolany. Gyşyna sen agyr uka gidýäň, tomsuna bolsa lälezar kenarlaryňy mazamlaýaň — diýip, ol derýa ýüzlendi.

Derýa bolsa edil ýaňsyly gülýän ýaly bolup, diňe bir akymy dowam edip oňman, eýsem, özüniň gam-gussasyz durmuşa bolan hukugyny subut etmekçi bolýan ýaly, buýsanç bilen joşýardy.

Derýanyň beýleki tarapynda, kenaryň ýapa dyrmaşyp gidýän ýerinde gül sagadynyň galyndylary görünýärdi. Demirgazygyň gysgajyk tomsunda gabadyndan geçýän ötegçileriň gözlerinde guwanç döredip, bir möwsümlik parç bolýan gülleri solupdyr, tebigy aýlaw içindäki sagat dilleri hem togtap, gözgyny hala gelipdirler…

Zenanyň gözleri birden şol sagada düşdi. Doňup galan sagada uzak wagtlap tiňkesini dikip oturansoň, dillendi:

— Senem meniň ýaly. Senem bary-ýogy bir sagatlyk halyf. Seni bezeýärler, bakyp lezzet alýarlar, soňra bolsa togtadýarlar ýa-da oňaýsyzlyk döredýändigiň üçin bütinleý unudýarlar. Ýöne sen maňa görä bagtlysyň. Indiki baharyň özüňe täze ömür bagyşlajakdygyna ynamyň bardyr seniň… Umuman-a, indi barybir… — şeýle diýip, ol has-da küýkerdi.

Onuň tutuş syratynda, adaty bolmadyk haldaky süňňünde lapykeçlik duýlup durdy. Gözlerinde bolsa edil hanasyndan çyrpynyp çykyp barýan gutulgysyzlyk bar ýalydy.

Agla. Agla. Onuň göwnüne, gabadyndan buýsançly halda akyp geçýän derýa, bilgeşleýin kejikdirmek isleýän ýalydy.

Emma indi aglasy hem gelenokdy. Uzakdaky dogduk şäherinde, özüni werziş bolan durmuşyndan, iň mähriban kiçijek ynsanyndan, öwrenişen öýjagazyndan müňlerçe kilometr uzaklara alyp gaýdan otluda gözýaş döke-döke, çeşmesi gurapdy. Özüne, öz durmuşyna ýigrenç döretjek bolup jan eden, maksatlaryna ýetiberen, pagonly doňýürek başlyksumaklaryň iş otagynda dökülip galypdy gözýaşlary. Süllümbaý ezilip, gözgyny halda galpyldap duranlygyna garamazdan, hiç zatdan heder etmän, öýünden orun beren jana-jan jorasynyň dyzyna baş goýup aglan çagynda, şol ýerde galypdy gözýaşlary.

Gorky hem ýokdy. Ol özüni erkek kişiniň gujurly gollary bilen bogan garaňky girelgede, janyň üçin gorkmagyň alasarmyk duýgularyna demigende, rehim sorap ýalbaran ýerinde galypdy. Üstüne ýiti ysly ýigrenji suwuklyk sepen geçelgede, ýol bilen tanyş daragtlarynyň ýanyndan ylgap geçip barýarka, öz öýünden gaçyp barýarka galypdy gorky. Kemsidilmeler hem agyry-yzalar sebäpli, ýüreginiň astynda dokuz aýlap göteren öz ülüşjigini goramagyň hatyrasyna, baş alyp gitmegi hem dymmagy wada bereninde, dogduk atasy öýüniň howlusynda galypdy gorky.

Ynam. O-da ýok. Edil sütün ýaly bolup, ynsany soňky pursada çenli dik saklaýan ynam adamlaryň biparhlygynyň labyry astynda eräp gidipdi. Belki-de, muňa ýeke bir adamyň ejizligi sebäpdir… Ol zenanyň ykbalyna dahylly bolmagy başarmadyk, ýagny islemedik adam sebäpdir… Onuň kalbyny dolduryp duran şertsiz söýgi, çirksiz wepa, çäksiz ynam — şowlulyk ýüz öwren badyna bularyň bary gereksiz boldy. Onuň bu çarha garşy durmaga synanyşygy, sadalaç adamlara edýän kömek-goldawy, ýiti galamy, öň ajaýyplyk hasaplanýan zatlaryň hemmesi indi onuň aýby hökmünde ýüzüne basyldy. Özüniň rowaç durmuşyny ýitirmekden heder etmek, özüniň rahatlygyny ýitirmek gorkusy duýgulardan güýçli çykdy. Sarsgynlar, aljyraňňylyk ynamyň ornuny eýeledi. Gowulyga, özüňe bolan ynamyň ornuny tutdy. Ýokarky güýçlere, hereketiň zerurlygyna we haklygyna bolan ynamyň ornuny eýeledi. Eräp-akyp, ol özünden soň lapykeçlik galdyryp gitdi.

Ýat şäher. Ýat adamlar. Ýat ulaglar. Hatda asman hem bu ýerde ýatdy hem gereksizdi. Ýitgiler zerarly ýegşerilip, lapykeçlik zerarly kibtini gysyp, ol bu ýere gelipdi. Ony bu ýere näme getiripdi? Gitmek islegimi? Güýç-gurbata eýe bolmaga synanyşykmy?

Mejalsyz halda başyny dyzynyň üstüne goýberip, ol derýanyň garaňky suwuna seretdi. Güýçli hem çasly akyp ýatyşyna, ol edil zenany özüne tarap çagyrýan, demi bilen özüne maýyl edýän ýalydy.

— Men çuňlukdan gorkýan. Ol ýeri garaňky hem sowuk. Bu ýerde hemme zat sowuk hem çyg — diýip, ol edil kiçijek çaga ýaly gaýtalady.

Bir pursatlyk derýa onuň derdi-yzasyny syzyp, yza çekilen ýaly boldy-da, gürrüň gozgady:

— Maňa seret. Häzir kenarym owadandyr, suwum tereňdir. Bölüp geçýän şäherimiň köçeleri köp ýyllardan bäri daş düşelen, aýna ýaly ýalpyldap ýatyr. Köpri hem indi üstüme ýykyljak bolup howp salyp duranok. Kenarym uzaboýuna ýagty hem tämiz — diýip, derýa özüniň geçmişinden gürrüň berdi:

— Ýöne elmydama beýle bolmandy. Ýaramaz döwürleri hem bilýärin. Ençeme ýyllap suwlarym zeý akabasy bolup hyzmat etdi, kenarlarym hem arryk, egbar haldady. Häzir gabadyndan buýsanç bilen akyp geçýän köçelerim dardy hem hapady. Bu toprak ynsan hasratynyň köp gözýaşyna şaýatdyr. Zenanlaryň derdi-yzalaryny görendir. Baryp guýýan ýerimden birnäçe kilometr daşlykda gonamçylyk bar. Ol ýerde baky aram tapanlaryň arasyndan täleýi ters gelen, görgi baryny gören, kemsidilen, hasrat çeken zenanlary hem taparsyň. Bir sagadyň içinden maşgalasyndan, çagalaryndan, jemgyýetdäki ornundan, söýgülisinden jyda düşenler… Hatda Watanyndan hem jyda bolanlar… Balerinanyňky ýaly näzijek elleri bilen gamyş ýygdylar, çatma gurdular, gar syrgynlary astynda büküldiler. Bularyň baryna hem olaryň kimdir biriniň aýalydygy, uýasydygy, gyzydygy sebäpdi.

Gijäniň tümlüginde olar gözleriniň köküni gyryp tikdiler, ördüler, dokadylar. Olary dertdir aýaz kese ýykdy. Meniň baryp guýýan soňky nokadym olaryň hem köpüsiniň ahyrky aram tapan menzili boldy. Emma käbirleri aýakda, diri galmagy başardy. Olarda ynamdan başga hiç zat ýokdy. Seniň agyry-yzaň ýerliklidir. Gorkyň hem düşnükli. Emma sen ynamyňy syndyrmaly dälsiň. Ol seniň ýol görkeziji şamçyragyňdyr, çelgiňdir. Siz — adamlar şeýle. Size ynanç zerur. Gowy döwürlere, söýgä, ýagty geljege ynam gerek.

Zenanyň göwnüne, derýanyň sesi magat eşidilýän ýalydy. Ýognas, pessaý, maýyl ediji owaz.

— Bir zamanlar aýazly sährada tas haraba öwrülen şäherim gaýtadan jana geldi. Ony tanar ýaly däl. Meni hem tanar ýaly däl. Edil ýaşy durugşan, dul galan, soňra bolsa täzeden bagtyny tapan zenan kimin, men indi güller içinde, gözleri guwandyrýan — diýip, derýa oňa aýtdy.

Geň zat, ýöne bu owaz ony köşeşdirdi. Adamlaryň öwüt-nesihat beriji, haýbat atyjy müňlerçe sözüniň hem wadalarynyň bitirip bilmedik zadyny adaty derýa başardy. Ýok, ol adady däl-de, edil şol zenan ýaly, pese gaçyşy, ýykylyşy başdan geçirip gören derýady.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu