
Mähriban okyjylarymyz, bu gün ýurdumyzda uly baýram uly toý. Ýurdumyzda Milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär. Siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýarys! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň agzybirlik suprasynyň başynda jem bolan mähriban halkymyzy beýik işlere galkyndyrjakdygyna hem berk ynanýarys.
Bu gün ýurdumyzda dynç güni. Muňa garamazdan, TÜRKMENgazet internet sahypamyz öz işini dowam edýär. Bu gün redaksiýamyz sizi döredijilige çagyrýar. Ýagny ähliňizi goý sen şahyr bol, goý sen ýazyjy bol ýa -da ömrüňde iň bolmanda iki setir goşgy ýazan kişi bol, BLOG sahypamyza agza bolup, goşgylaryňyzy paýlaşmaga çagyrýaryn.
TÜRKMENgazet internet sahypamyzyň döredijilik topary hem, BLOGda paýlaşylan iň ýürege ýakyn goşgulary GÖWÜN KÜÝSEGI bölümine ýerleşdirer. Çekinmäň, gatnaşyň, mähribanlar!
ADMINISTRASIÝA.