Ýapraklardaky suw damjalary ýa-da “Guttasiýa”
Daşky dünýämize bezeg berýän hem-de durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ösümlik dünýäsinde ajaýyp hem-de özboluşly hadysalar üznüksiz ýagdaýda amala aşyp durýar. Şeýle hadysalaryň köpüsi özüniň özboluşlylygy hem-de täsinligi bilen tapawutlanýar. Tebigatda duşýan guttasiýa hadysasy hem şeýle prosesleriň biridir.
Guttasiýa – bu ösümlikleriň ýapragynyň gyrasyndan suw damjalarynyň bölünip çykmak hadysasydyr. Emma ösümlikleriň üst ýüzünde ýüze çykýan atmosferadan kondensasiýa arkaly bolýan çyglylygy guttasiýa bilen garyşdyrmak bolmaz. Ajaýyp tebigy hadysa bolan guttasiýa latyn sözi bolup, “gutta – damja” diýmekligi aňladýar. Ol ýapragyň gyrasynda ýerleşýän gidatodlar atly agyzjyklaryň üsti bilen amala aşýar. Topragyň çyglylygynyň ýokary derejesi ýüze çykanda, suw ösümlügiň köklerine aralaşýar, sebäbi köküň suw potensialy topragyňkydan azdyr.
Netijede suw ösümlikde ýygnanýar we kökde basyş döredýär. Kök basyşy bolsa gidatodlar arkaly suwuň çykmagyna sebäp bolýar, köklerden suwuň derrew bugarmagynyň öňüni alýar. Pes ýagtylyk we ýokary basyş guttasiýa şert döredýär. Bu hadysa esasan tropiki tokaýlarda, ýaş nahallaryň ýaprak uçlarynda köp bolýar. Guttasiýanyň geçmegi ösümlikler üçin zerur bolup, ösümlik bedeninde suwuň sazlanylyşyna ýardam berýär.
Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby